Hünärmenler arassa suw çeşmesiniň bolmadyk ýerlerinde ulanmak maksady bilen, gurak howada suw öndürýän enjam işläp düzdüler. Massaçusets tehnologiýa institutynyň ylmy işgärleriniň açyşy çöl şertlerinde hem ýokary netije berýär. Geçen ýyl taýýarlanan mehanizmi has hem kämilleşdiripdirler. Gün energiýasy bilen işleýän enjam üçin howanyň çyglylygy 10 göterimden ýokary bolsa ýeterlik. Enjamyň mundan ozalky nusgasy çyglylyk 50 göterimden ýokary bolanynda işleýärdi. Şeýle hem ony sowatmak üçin has köp energiýa zerurlyk duýulýardy.
Atmosferada 13 trillion litr suw bar
Ylmy topar enjamy Tempe şäherindäki Arizona uniwersitetinde synagdan geçirip gördi. Hünärmenler ony has hem netijeli ýagdaýa getirmegiň aladasyny edýärler. Eger bu enjam hemmeler üçin elýeterli bolan ýagdaýynda, dünýäniň islendik ýerinde arassa suw meselesiniň aradan aýryljakdygyny aýdýarlar. Ýeriň atmosferasynda 13 trillion litr suw bolup, bu görkeziji köllerdäki we derýalardaky süýji suwuň 10 göterimine barabardyr.