Dünýä belli iri önüm öndürijiler käbir uly bazarlara girmek üçin aýratyn brend döredýärler. Bu ýagdaý global kompaniýalara täze bazarlara girmäge mümkinçilik berýän bolsa, ýerli şereketler halkara derejeli brendleriň abraýyndan peýdalanýar. Golaýda Germaniýanyň “Daimler” kompaniýasy Uzak Gündogar bazary üçin “Denza-500” atly awtoulag modelini tanyşdyrdy. Hytaýyň BYD hem-de nemes “Mercedes-Daimler” kompaniýalary 2011-nji ýylda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekipdiler. Olaryň ilkinji elektroulagy “Denza-400” 2014-nji ýylda çykarylypdy. Golaýda modeliň “Denza-500” atly täze nusgasy tanyşdyryldy. Ulag synag şertlerindendäki bir gezekki zarýady bilen 500 kilometr ýol geçipdir. Şeýle-de şäher içi ýol hereketinde bolsa, 451 kilometre barabar ýol geçýär. Kuwwatlylygy babatda adaty ýangyçly ulaglaryň köpüsinden ýokary. Ulagyň daşky şekili sedan hem bolsa, yz tarapy liftbek tipini ýadyňa salýar. Öňki çyralar gaplaň gözi şekilli LED lampalar bilen üpjün edilipdir. Onuň zarýad berilýän ýeri öň tarapdaky logosynyň aşagynda ýerleşdirilipdir. Ulagyň içi soňky ýyllarda öndürilýän beýleki birnäçe ulaglaryňky ýaly multimediýa güýmenje ulgamy bilen üpjün edilipdir. Modeliň üç görnüşi bolup, kiçisiniň kuwwaty 92 at güýjüne, ikinjisiniňki 115 at güýjüne we ulusynyňky 181 at güýjüne deňdir. Ýokary tizligi 150 km/s barabar bolan ulagy “Daimler”-iň hünärmenleri 40 dereje sowukda synagdan geçiripdirler. Ulagyň iň arzan görnüşi 47 500 dollardan satuwa çykarylar.