Daşary ýurtly sosiologlaryň geçiren barlaglaryna görä, haýsy ýurduň raýatlarynyň has köp uklaýandygy anyklandy. “1843” atly ylmy žurnalyň mälim etmegine görä, ukynyň dowamlylygynyň durmuş derejesine baglydygy aýdylýar. Barlag işleri döwründe “Sleep Cycle” programmasyndan peýdalanyldy. Ol adamlaryň oýa we ukuda wagtdaky işjeňligini yzarlaýar. Programmanyň mümkinçiliklerinden 1 milliondan gowrak adam peýdalanýar. Şonuň netijesinde, dünýäde iň köp ýatýan Täze Zelandiýanyň raýatlary boldy. Olaryň görkezijisi bir günde 7 sagat 40 minuta barabar. Gollandiýanyň, Finlýandiýanyň, Awstraliýanyň we Beýik Britaniýanyň raýatlary hem ukynyň dowamlylygy boýunça ilkinji bäşlige girdi. Olar bir günde 7,3 sagat uklaýarlar. Rus raýatlary ýewropaly goňşularyna garanyňda, birneme az ýatyp, olaryň görkezijisi bir günde 7 sagat 10 minuta deňdir. 6,5 sagatdan az uklaýan ýurtlar Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Saud Arabystanydyr. Umuman, Ýer şarynyň ýaşaýjylary ortaça, 7 sagat 12 minut uklaýar. Barlagçylaryň derňewine görä, erkekler aýallara garanyňda, 20 minut az uklaýar.