Go­laý­da “Ga­laxy S9” we “Ga­laxy S9+” mo­del­le­ri­ni “Do­ly göw­rüm­de tä­zeden ga­ra­ýyş” şy­ga­ry as­tyn­da sa­tu­wa çy­ka­ran “Sam­sung” ar­zan ba­ha­ly te­le­fon­la­ry­ny hem ön­dür­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň 2016-njy ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lan “Ga­laxy J7 Pri­me” mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­nyň çy­ka­ryl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. “Ga­laxy J7 Pri­me 2” at­ly tä­ze mo­del­de “Full HD” du­ru­ly­gyn­da 5,5 dýuým­lyk ek­ran, se­kiz ýad­ro­ly “Exynos 7” mik­rop­ro­ses­sor, 3 GB RAM we 32 GB iç­ki ýat ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­lar bo­lar. Smart­fo­nuň ýa­dy­ny “MicroSD” ar­ka­ly 256 GB-a çen­li art­dy­ryp bo­lar. En­ja­myň öň­ki we yz­ky ka­me­ra­la­ry 13 me­ga­pik­sel bo­lup, ýag­ty­ly­gyň az ýer­le­rin­de hem ýo­ka­ry du­ru­lyk­da su­ra­ta al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Hin­dis­tan­da 13 990 hin­di ru­pi­ýa­syn­dan (215 dol­lar) sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak te­le­fo­nyň dün­ýä­niň beý­le­ki ba­zar­la­ry­na ha­çan ug­ra­dyl­jak­dy­gy mä­lim edil­me­di.