2011-nji ýylda uçurylan we 2012-nji ýylda Marsa gonan “Curiosity” robotynyň Gyzyl planetada geçiren wagty 2000 günden geçdi. NASA tarapyndan taýýarlanan taslamanyň çäklerinde goňşy planetada ylmy-barlag işlerini geçirmäge ýardam edýän alty tigirli apparat häzire çenli 154 kilometr ýol geçipdir. Robot 700 gün hyzmat etmek maksady bilen taýýarlanypdy. Emma ol üç essä golaý wagt geçendigine garamazdan, kadaly ýagdaýda işleýär. Ýöne onuň işleýşi täze wagtyndakysy ýaly däl. Tigirleri ýonulypdyr we ozalkysyndan haýal hereket edýär. “Curiosity” Mars planetasynyň howa we toprak şertlerini öwrenmek, ol ýerdäki ýaşaýyş bilen bagly maglumatlary toplamak maksady bilen peýdalanylýar. Onuň gabarasy 3x2x2 metre barabar bolup, agramy 889 kg. Onuň düşürip, Ýere ýollan suratlarynyň köpüsi köpçülige ýaýradylýar we oňa gyzyklanma hemişe ýokary bolýar. Ol häzire çenli ylmy açyşlaryň onlarçasyny etmäge ýardam etdi. NASA “Curiosity”-niň ylmy işlerini dowam etjekdigini belleýär.