Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan uly möçberli wezipeleri berjaý etmekdäki ähmiýetiniň aýratynlyklaryny bellemek bilen, ýurdumyzda howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglary boýunça kärhanalary, şeýle hem telekommunikasiýalar ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine uly üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň birine öwrülýän raýat awiasiýasy ulag-aragatnaşyk düzümlerinde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmak bilen, bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen ösdürilýär.
Raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakda we täze tehnikalar bilen üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary netijesinde toplumlaýyn hem-de giň gerimli işler amala aşyrylýar. Düzüminde täze howa menzillerini gurmak, ozaldan hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, döwrebap terminallary, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, iň häzirki zaman uçarlary we beýleki enjamlary satyn almak, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara gatnawlaryny açmak ýaly wajyp meseleleri özünde jemleýän giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde häzirki wagtda iri taslamalaryň uly toplumy amal edilýär.
Munuň subutnamasy hökmünde 26-njy fewralda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Halkara howa menziliniň açylmagyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar. Bu Halkara howa menzilinde ýola goýlan dürli hyzmatlar halkara ülňülerine doly laýyk gelip, pudagyň öňünde duran geljekki maksatnamalary we hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Türkmenabadyň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uçuşlary üpjün etmek boýunça ýerüsti serişdeleri – gonuş ulgamy, radiomaýaklar, ýagtylyk arkaly signal bermek we meteorologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Munuň özi uçuşlaryň ähli görnüşlerine, şol sanda aerobuslara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Howa menzili dünýäniň ýörite tehnikalary öndürýän meşhur kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary we gurallary bilen üpjün edildi. Howa hereketini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan merkezi diňe bir bu ýerden gatnaýan uçarlara däl, eýsem, Türkmenistanyň gündogar sebitiniň howa giňişliginde üstaşyr geçýän uçarlaryň hem uçuşyna üznüksiz gözegçilik edip bilýär. Merkezi ýangyç guýujy ulgamy howa gämilerine çalt hem-de ýokary hilli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýerüsti düzüme öwrüm ediş ýodajyklary we duralgalar, howa gämileri üçin perron girýär, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi, dispetçerçilik nokatlary we beýleki desgalary guruldy. Halkara howa menziliniň çäginde şeýle hem lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orunlyk myhmanhana, üsti ýapyk awtoduralga ýerleşýär.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmenabadyň täze Halkara howa menzilinde howa ulaglary hünärinden nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkiden ýokary bilimli hünärmenler arman-ýadaman zähmet çekerler. Dünýä tejribesiniň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylýan döwründe “Türkmenhowaýollary” gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meselelere-de aýratyn ähmiýet berilýär. Hut şonuň netijesinde bu günki gün Halkara howa menzillerimiz dünýä belli “Boeing-757”, ”Boeing-717” uçarlaryna, şol sanda uzak aralyga uçýan “Boeing-767-300ER” we “Boeing-777-200LR” howa gämilerine eýe bolup durýar.
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şunuň ýaly Halkara derejeli täze howa menziliniň açylyp ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzyň howa ulaglary ulgamynyň geljekdäki uly ösüşlerini şöhlelendirýär. Bu bolsa, öz gezeginde dürli ýurtlara täze howa ýollaryny açmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda milli howa ýollary birnäçe halkara ugry boýunça ýolagçylara hyzmat edýär.
Elbetde, howa ulaglary ulgamynda gazanylýan şeýle ajaýyp üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň, takyk seljermelere esaslanýan parasatly syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowamat-dowam bolsun!
Gülşirin Agaýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk
institutynyň mugallymy.