Sportuň, hereketiň ynsan saglygyna edýän netijeli täsiri hormatly Prezidentimiziň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar.
Häzirki döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ata Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda usuly we amaly ylmy işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle işler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine güwä geçýär.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň baş maksady ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak we adamyň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hemmetaraplaýyn ösen sagdyn nesli terbiýelemek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini we şertleri döretmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Döwletimizde köpçülikleýin sport we bedenterbiýe ulgamlarynyň, lukmançylyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň giňelmegi bilen, gözel paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman sport toplumlary we saglygy dikeldiş merkezleriniň toplumlaýyn binýady emele geldi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylda ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni bellenilip, ol köp sanly sport we medeni-dynç alyş çäreleri bilen utgaşýar. Bu işler her ýylda täze mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde aprel aýynda ýurdumyzda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly IX milli oýunlaryň hem-de uniwersiadanyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň, Saglyk ýoluna ýörişleriň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosipedli ýörişleri we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydyr. Çünki, sport ynsanyň durmuşyny bütinleý üýtgedýän fiziki hem ruhy güýçdür. Sporta ykbalyny baglan ynsanyň pikirlenişi, dünýägaraýşy, pähim-parasady has tapawutlydyr. Sport sagdynlygyň sakasy, ruhubelentligiň gorudyr. Sport bilen meşgullanmak adamlary ruhubelentlige eýe etmek bilen bir hatarda, olaryň işjeňliginiň artmagynda-da uly ähmiýete eýedir. Ir säher oýanyp, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, arassa howadan dem alyp gezelenç etmek her bir ynsanyň ruhy dünýäsine oňyn täsirini ýetirýär. Durmuşda sportuň ähmiýeti diýseň uly. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň gan aýlanyşy kadaly ýagdaýa eýe bolup, ol agyry-ynjylardan, sökelliklerden daşda bolýar. Sport ýüzüň nurlanmagyny üpjün edip, gan damarlarynyň kadaly işleýşini ýola goýýar.
Hereket – syna sagatlygyna kepildir. Adam ençe menzil beýiklikdäki ýere, aýdalyň – baýra, daga çykmagy endigine öwürse, onuň peýdasy görnetin bildirip ugraýar. Welosipedli ýörişe, gezelenje çykmak bolsa, syna sagdynlygy bilen bir hatarda, ynsana ruhy taýdan galkynmalary-da bagyş edýär. Häzirki zaman dünýäsinde welosipedli ýöriş sportuň iň bir meşhur ugry hökmünde bellidir.
Bilşimiz ýaly, 2013-nji ýylyň 3-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz öz egindeşleri bilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň şaýollary boýunça welosipedli gezelenji amala aşyryp, ähli ilimize nusgalyk göreldesini görkezdi. Şol ýylyň 11-nji awgustynda bolsa, sporta höwesekleriň 8 müň 500-den gowragy ýagşy göreldä eýerip, köpçülikleýin welosiped ýörişine çykdy.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagynyň tarapdary hem-de wagyz edijisi bolan Arkadag Prezidentimiz öz çykyşlarynda sportuň welosipedli ýörişi yzygiderli geçirilse, onuň ähmiýetiniň uly boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp teklibi raýatlar tarapyndan uly goldaw tapyp, geçen 2017-nji ýylyň 29-njy iýulynda Diýarymyzyň ähli künjeginde welosipedli ýöriş giň gerim aldy.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny buýsanç bilen ýatlamak isleýäris. Bilşimiz ýaly, bu oýnuň başlanmagyna 50 gün galanda, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Bu işleriň ählisi ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň bagtyýar ýaşaýşymyz bilen sazlaşyga eýedigini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 2-nji aprelinde geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynda, şol sanda ilatyň saglygyny goramak, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdyn neslini terbiýelemek boýunça durmuş meseleleriniň amala aşyrylmagynyň ileri tutulýandygyny aýratyn belledi.
Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy biziň baş baýlygymyzdyr. Çünki ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň düýp özeni ynsan saglygyna gönükdirilendir.
Goý, ynsan saglygyny ilkinji orunda goýup, raýatlarymyzyň uzak ömür sürmegi, bagtyýar ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Belent tutumly işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!
Ene ORAZBERDIÝEWA,
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy.