Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda yklymlara görelde, asyrlara nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, pursatlar şatlyk-şagalaňa, aý-günler toýdur baýramlara beslenýär. Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, olaryň ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadag Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz watansöýüjilik we sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we olary wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, bilime-ylma, sporta, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgi döredýär. Arkadag Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: “Ýaşlar ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Şonuň üçin hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmekde uly işler durmuşa geçirilýär”.
Gazanylan bu belent sepgitleriň gözbaşynda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasaty durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere egsilmez güýç bolup goşulýar. Bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şol gazanylýan üstünliklere ýurdumyzda hereket edýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly atamyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir wekilleri we işjeň agzalary hem berkarar döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini pugtalandyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Şu bagtyýar döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde senagat, oba hojalygy, lukmançylyk, medeniýet, sungat, halkara gatnaşyklary, ynsanperwer, ösüş, harby, harby-deňiz floty, nebit-gaz, tehnologiýa ugurlaryndan ýokary derejede ylym almaga uly mümkinçilikleriň bardygy, türkmen metbugatynda işlemäge höwesli ýaşlar üçin žurnalistika boýunça ýokary okuw mekdebiniň açyljakdygy, olaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okadylýandygy, ýaşlaryň arasynda her ýylda ylmy bäsleşikleriň geçirilýändigi, dörediji zehinli ýaşlar üçin Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň, çagalar üçin Gulbaba adyndaky baýragyň döredilip, bu baýraklaryň her ýylda olaryň onlarçasyna dabaraly ýagdaýda gowşurylýandygy biziň öz ukybymyzy görkezmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň alamatydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň zamanabap sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň, aýlawlaryň gurulmagy, geçen ýylda gözel paýtagtymyzda dünýä derejeli Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, onda Merkezi Aziýada ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi, türgenlerimiziň bu ýaryşda ençeme döwletleriň arasynda gazanylan medallaryň ähli görnüşi boýunça sanawda 1-nji ýeri eýelemekleri türkmen sportuny halkara derejesine çykardy. Indi bizde sportuň ençeme görnüşleri boýunça dünýä, yklym çempionlary bar.
Gahryman Arkadagymyz: “Biziň ýokary depgin bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşlar hakynda düýpli alada edýäris. Berkarar döwletimizi we agzybir jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirýäris. Bu bolsa biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýar” diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” boýunça giň gerimli işleriň amal edilmegi anyk şaýatlyk edýändir.
Biz milli Liderimiziň alyp barýan döwletli işlerini, belent özgertmelerini durmuşa geçirmäge, öňde goýlan maksatnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk hem has-da işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny ösüp gelýän ýaş nesillerimize düşündirmekde wagyz-nesihat işlerimizi mundan beýläk hem ýokary derejelerde dowam etdireris!
Rüstem Mämmedow,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.