El telefonlarynyň we beýleki elektron enjamlarynyň surata düşürip bilmegi köp wagtdan bäri fotoenjam öndürýän kompaniýalaryň täzeçillik tapmaklaryna itergi beripdi. Bu ugurda öňdeligi eýeleýän kompaniýalaryň biri “Canon” golaýda durulygy 120 megapiksel bolan enjamy tanyşdyrdy. Ol surata düşürmäge däl-de, kamera hökmünde ulanmaga niýetlenipdir. 2015-nji ýyldan bäri işlenip taýýarlanýan enjam 29,2 mm x 20,2 mm ölçeginde bolup, onuň güýçli sensorlary uzak aralykdan dury surat almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem kamera giň aralygy jikme-jik wideo ýazgy edip bilýär. Mysal üçin, sport bäsleşiklerinde stadionda oturan mähelläni ýa-da futbolçylary ýokary durulykda wideo ýazga alyp bolýar. 120MXS atly enjamyň durulygy “Full HD”-niň 60 essesine barabar. Bu sensoryň fotoenjama ýa-da kamera haçan oturdyljakdygy we satuwa çykaryljakdygy mälim edilmedi. 4K ýaýlymyň giňden ýaýrap, 8K ýaýlyma geçilmek babatda gürrüňiň gozgalýan şu döwründe “Canon” bu ugurda örän öňdedigini ýene bir gezek subut etdi.