Kosmos zondy “Juno”-nyň ugradan fotosuratlary Ýupiteriň polýuslarynda ägirt uly apy-tupanlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Fotosuratlar Gün ulgamynyň iň uly planetasynyň polýusynda ägirt uly harasatlaryň turýandygyny ýüze çykardy. Alymlar harasatlaryň diametriniň müňlerçe kilometre barabardygyny, tüweleýleriň bolsa, gazly planetanyň howa gurşawynyň jümmüşine aralaşyp gidýändigini anykladylar. Bu siklonlaryň ýaşynyň mundan ozal Ýupiterde ýüze çykarylan Uly Gyzyl tegmilden uludygy çak edilýär.
ABŞ-nyň kosmos agentligi NASA “Juno” zonduny 2011-nji ýylyň 5-nji awgustynda uçurypdy. Zond bäş ýyldan soň, uçuşyny tamamlap, Ýupiteriň orbitasyna giripdi. Onuň esasy maksady magnit meýdanyny hem-de planetanyň howa gurşawynyň seljeriş işlerini geçirmekden ybaratdyr.