Gün batareýasy bilen işleýän dünýäde ilkinji myhmanhana Norwegiýada gurlar. Bu barada Norwegiýanyň “VisitNorway” syýahatçylyk geňeşligi habar berdi. “Svart” myhmanhanasynyň üçeginde elektrik energiýasyny öndürýän Gün panelleri ýerleşdiriler. Ol ýurduň demirgazygynda Polýar aýlawynyň golaýyndaky Swartisen buzlugynyň eteginde bina ediler. Bu bina halka görnüşli bolup, “Holands-forsd” atly suwda ýüzýän köp sanly pürsleriň üstünde ýerleşer. Onuň dizaýny Demirgazyk Norwegiýada irki zamanlardan bäri ulanylýan, “Rorbýu” atly pürsleriň üstünde gurlan balykçylaryň öýjagazlaryna çalym eder.
Myhmanhananyň açylyşy 2021-nji ýylda bolar. Şeýle hem meýilnamada ekologik gämini önümçilige bermek göz öňünde tutulyp, ol myhmanhanany golaýdaky iri norweg şäherleriniň biri – Budýo bilen birikdirer.