28-nji martda Nýu Ýorkda açylan Halkara awtosergisi NYIAS-da bütindünýä halkara bäsleşigi “World Car Awards 2018”-iň ýeňijileri mälim edildi. “Audi A8”-iň täze sedany “Porsche Cayenne” we “Porsche Panamera” awtoulaglaryndan öňe saýlanyp, “Ýylyň iň lýuks awtoulagy” baýragyna mynasyp boldy.
Emin agzalarynyň düzümine girýän dünýäniň 24 ýurdunyň 82 bilermeni awtoulaglaryň dizaýnyny, ýolagçylaryň rahatlygyny, howpsuzlygyny, şeýle hem nyrhyny, ekologik we tehniki aýratynlyklaryny seljerdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça täze “Audi A8” özüniň iki bäsdeşinden öňe saýlandy. Bu “Audi” kompaniýasynyň 2005-nji ýyldan bäri “World Car Awards” bäsleşigindäki 9-njy ýeňşidir.
Halkara bäsleşiginde “BMW M5” – ýylyň sport awtoulagy, “Volkswagen Polo” şäher awtoulagy, täze “Nissan Leaf” bolsa, ýylyň “ýaşyl” awtoulagy diýlip, yglan edildi. “Range Rover Velar” bolsa, iň gowy dizaýnly awtoulag hökmünde saýlandy.