Fransiýanyň “Renault SA” we Ýaponiýanyň “Nissan Motor Co.” kompaniýalary täze awtoulag öndürijini döretmek barada gepleşikleri alyp barýandygyny “Bloomberg” agentligi habar berýär. Netijede, kompaniýalaryň häzirki strategik bileleşigi bir korporasiýa öwrüler. Häzirki wagtda “Renault” ýapon kompaniýasynyň paýnamalarynyň 43 göterimini, “Nissan” bolsa, fransuz awtoulag öndürijisiniň paýnamalarynyň 15 göterimine eýe. Iki kompaniýanyň hem esaslandyryjylar geňeşiniň başlygy Karlos Gon birleşmek hakynda gepleşikleri alyp barýar hem-de birleşen täze awtoulag öndüriji kompaniýa ýolbaşçylyk etmegi maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, täze kompaniýa Ýaponiýadaky we Fransiýadaky ştab-kwartirasyny saklap galar.
Şeýle hem, bilermenler bu geleşigiň makullanmagy bilen käbir kynçylyklaryň ýüze çykyp biljekdigini öňe sürýärler. Fransiýanyň hem-de Ýaponiýanyň hökümetleriniň iki awtoulag öndürijiniň birleşmegine rugsady zerur bolup, täze kompaniýanyň merkezi edarasynyň ýerleşjek ýeri olary gyzyklandyrsa gerek. Bu ugurdaky gepleşikleriň birnäçe aýa çenli dowam etjekdigi aýdylýar. “Renault”-yň bazar gymmaty soňky ýyllarda takmynan, 15 göterim ýokarlanyp, 27,7 milliard ýewro (34 milliard dollar), şol bir wagtyň özünde, “Nissan”-yň sermaýasy 2 göterim azalyp, häzirki wagtda 4,6 trillion ýen (43 milliard dollar) töweregidir.