Elektroulaglary öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýän kompaniýalaryň biri bolan “Nissan” bu ugurda has iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Ýapon kompaniýasy “NISSAN M.O.V.E to 2022” atly taslamanyň çäklerinde elektroulag satuwyny artdyrmagy, ulaglaryň sürüjiden özbaşdak hereketini kämilleşdirmegi, ulag içi multimediýa we arabaglanyşyk aýratynlyklaryny ösdürmegi meýilleşdirýär. Öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ýa-da “e-Power” aýratynlygy bolan ulaglaryň 1 millionyny müşderilerine ýetirmegi göz öňünde tutýar. Brend “Leaf” modeli bilen gazanan üstünligini täze 8 sany dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän täze modeller arkaly dowam etdirer. Esasan hem, kompaniýa hytaý bazary üçin ýörite ulaglar taýýarlaýar.
Dünýäniň iň köp satylan elektroulagy bolan “Nissan Leaf” Nýu Ýorkda geçirilen awtoulag sergisinde daşky gurşaw üçin iň arassa ulag hökmünde baýraga mynasyp bolupdy. 2010-njy ýylda satuwa çykarylan modelden häzire çenli 300 müňden gowragy satyldy. Ulag ygtybarlylyk babatda hem Ýaponiýada baýraga mynasyp boldy.