Ýagşyň köp ýagýan döwürlerinde täsin tebigy hadysa – älemgoşara syn eden bolsaňyz gerek. Ýagşyň yzýany güneşli howada peýda bolýan älemgoşaryň seýrek halatlarda ikisi bir wagtda hem çykyp bilýär. Adatça, älemgoşar irden ýagyş ýagan bolsa, günbatarda, öýlän ýagan bolsa, gündogarda peýda bolýar. Ýagny ony görmek üçin Gün siziň arka tarapyňyzda bolmaly. Gün süýr depede wagty älemgoşar bolmaýar. Adatça onuň 7 reňki bolýar – gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, gök, mawy we benewşe. Kähalatlarda alty, kämahal ýediden hem köp reňkini saýgaryp bolýar.
Älemgoşar howadaky suw bölejikleriniň Gün şöhlesini döwmegi netijesinde emele gelýär. Köplenç şaglawuklarda ýa-da çüwdürimlerde hem kiçijik älemgoşaryň peýda bolýandygyny görmek bolýar.
Ikisi birden ýüze çykýan älemgoşaryň biriniň reňki beýlekiňkiden has solak bolýar. Olaryň reňkleriniň ýerleşişi bolsa biri-biriniňkiniň tersine bolýar. Has aýdyň görünýän älemgoşarda ýokarda gyzyl, aşakda benewşe reňk bolýar. Goşa älemgoşaryň birini suw damjalarynyň ýokarsyndan geçýän, beýlekisini bolsa, aşagyndan geçýän suw damjajyklary emele getirýär.
Aşakdan seredilende, ýarym Aý şekilli bolup görünýän älemgoşaryň iki tarapy hem Ýere degýän ýalydyr. Emma oňa uçardan seredilende, tegelek bolup görünýär.
Islandiýadaky Skougau derýasynyň ugrundaky Skougafoss şaglawugynda güneşli günlerde köplenç goşa älemgoşar peýda bolýar. Ini 25 metre, beýikligi 60 metre barabar bolan bu gözelligi görmäge barýan jahankeşdeleriň sany ýylsaýyn artýar. Ol ýerde birnäçe film hem surata düşürilipdir.