Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresi we onuň bilen bagly guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu halkara forum dünýäniň ençeme ýurdundan bu ugurda işleýän iri halkara kompaniýalaryny, bilermenleri hem-de ugurdaş pudaklaýyn edaralaryň wekillerini bir ýere jemledi. Ol dünýäniň iri halkara forumlaryň hataryna goşulyp, dünýäniň işewürlik jemgyýetiniň ünsüni ýurdumyza gönükdirdi.
VII Halkara gaz kongresiniň gün tertibine energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijilerini gurmak, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi. Forumyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem “Gündogar-Günbatar” energetika geçirijilerini döretmek meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Gazy gaýtadan işlemek pudagynda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda halkara tejribesine aýratyn üns berler.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna çykarmak ugruna ygrarly bolup durýar. Ýurdumyzyň çägindäki “Galkynyş” gaz käni eýeleýän gory bilen ýurdumyzyň iri energiýa döwletidigini tassyklady.
Merkezi Aziýanyň tebigy gazy eksport etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri bolan ýurdumyzda energiýa serişdeleriniň önümçiligini has-da artdyrmak ugrunda uly tagalla edilýär. Türkmenistan tebigy gazy eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, tebigy gazy senagat önümçiliginde peýdalanyp, eksport ugruna degişli dürli önümleri öndürmäge-de uly ähmiýet berýär. Bu ugurda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda esasy çig maly tebigy gaz bolan senagat desgalarynyň ençemesini gurmak babatda degişli işler ýola goýuldy. Sebitde, galyberse-de, dünýäde deňi-taýy bolmadyk taslamalaryň birnäçesiniň gurluşygyna başlandy. Olaryň hatarynda Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän desgany görkezmek bolar. Bu desgada ulanylýan täze innowasion tehnologiýalaryň ilkinjileriň hatarynda biziň ýurdumyzda işe girizilmegi uly buýsandyryjy wakadyr.
Mahlasy, ýurdumyzda däbe öwrülen halkara gaz kongresi soňky ýyllarda yangyç-energetika pudagynda ýokary depginlerde alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň geljekde-de has-da ösdürilmegine hem-de pugtalanmagyna uly itergi berer.