Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli uly ösüşlere gönükdirilen özgertmeler uly rowaçlyklara beslenýär. Gün-günden pajarlap ösýän Watanymyzyň abadançylygy, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin amal edilýän işlerde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri aýratyn mazmuna eýedir. Çünki sport beden terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolup, uzak ömür sürmegiň girewidir.
Geçen on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan döwletimiz dürli ugurlar bilen bir hatarda, özüni bütin dünýäde sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde tanatdy. “Alyp barýan syýasatymyzyň esasy maksady jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhubelent nesilleri kemala getirmek bolup durýar” diýip, nygtaýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sporta, ynsanlaryň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň-da, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdeplerine, kaşaň stadionlara, ylgaw ýodalaryna gözüň düşýär. San boýunça alanymyzda, 2007-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň her bir welaýatynda 15-20 aralygynda, tutuş ýurdumyz boýunça 100-e golaý dünýä ülňülerine gabat gelýän sport mekdepleri guruldy. Türkmenistanda sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek öz oňyn netijesini berdi. Bu babatda geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň türgenleriniň dünýä arenasynda gazanan käbir ýeňişlerini ýatlap geçeliň.
2013-nji ýylyň iýun aýynda Sambo we söweş sambosy boýunça Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýa çempionaty geçirilip, türkmen türgenleri bütin dünýäde çuňňur gyzyklanma döreden bu sport ýaryşynda 16 medal – 14 altyn, 2 kümüş medal gazanmagy başardylar. Ol ýaryşda guşakly göreş boýunça türkmen pälwanlary 8 altyn medal we 1 kümüş medal gazandylar.
Şol ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Inçhon şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçen IV Aziýa oýunlarynda hem türkmen türgenleri ýurdumyza ýeňiş bilen dolanyp geldiler, ýagny olar ýaryşda 7 medal – 2 altyn, 4 kümüş, 1 bürünç medal gazandylar.
2017-nji ýylyň güýz paslynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň sport taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu uly sport forumynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň türgenleri öňdeligi sakladylar we medallaryň sanawy boýunça birinji orna mynasyp boldular. Şunda türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň umumy sany 245-e ýetdi. Olaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallardyr.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Berk bedenli ýaşlary sowatly adamlar edip, terbiýeläp ýetişdirmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin hem bu ministrligiň döredilmegi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary çäksiz begendirdi.
Häzirki döwürde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik aladasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji martynda geçirilen mejlisinde bu ugurlar bilen utgaşyklykda, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde şu ýylyň 28-nji oktýabryndan 10-njy noýabry aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Bu halkara sport forumynyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljekdigi bellenildi.
Agyr atletika dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Ol, ilki bilen gadymy döwürde Gresiýada döräp, erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr. Onuň iki sany görnüşi bolup, düzülen agyr daşlary siltäp we itekläp götermekden ybaratdyr. Siltäp götermek görnüşi ştangany ýerden kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itekläp götermek bolsa, iki aýratyn hereketden, ýagny ýerden egniňe çenli, soňra kelläňden ýokary galdyrmagy öz içine alýar. Agram derejede çykyş edýän türgenler onuň iki görnüşi boýunça ýaryşa gatnaşýarlar. Her bir türgeniň siltäp we itekläp götermek synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji utugyny kesgitlemek üçin goşulýar.
Biz türkmen türgenlerine Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda-da ýeňişleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!
Nowruzmuhammet ANNAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.