Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça il­kin­ji Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samble­ýa­sy 2015-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da ulag me­se­le­si bo­ýun­ça ikin­ji ka­rar­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di. Şu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty Aş­ga­bat­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne wa­jyp me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­ni gi­riz­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da dur­nuk­ly ulag we daş­ky gur­şa­wyň üýt­ge­me­gi, ener­ge­ti­ka we ulag, şä­her ulag ul­ga­my hem-de şä­her­le­riň we oba­la­ryň ara­syn­da ýol-ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry, ulag pu­da­gy­na ma­ýa go­ýum­la­ry we ony ma­li­ýe­leş­dir­mek, ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy hem-de onuň hu­kuk esas­la­ry, köp­ta­rap­ly ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek we ola­ryň dü­züm­le­ri, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bar. Fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça jem­leý­ji res­mi­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we ka­bul et­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta we Gün­do­gar-Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça köp şa­ha­ly ut­ga­şyk­ly ulag gat­naw­la­ry­nyň ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len hem-de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na my­na­syp bo­lan tek­lip­le­ri hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2014-nji we 2015-nji ýyl­lar­da de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.