Programma üpjünçiligini öndürmekde öňdebaryjy “Microsoft MSFT” amerikan şereketi öňümizdäki 4 ýylyň dowamynda närseleriň interneti tehnologiýalaryna (Internet of Things, IoT) 5 milliard dollar möçberinde serişde goýberer.
– “Steelcase”, “Kohler”, “Chevron”, “United Technologies” we “Johnson Controls” ýaly kompaniýalar “Microsoft”-yň işläp düzen “IoT” programmalaryny ulanyp, ähli zady täzeçe amal edýärler – diýip, kompaniýanyň wekilleri aýdýarlar. “Microsoft”-yň wekilleri özleriniň tehnologiýalary arkaly “Johnson Controls” kompaniýasynyň “akylly” termostat döredendigini, şeýle hem “Schneider Electric” kompaniýasynyň Nigeriýadaky Gün panellerine gözegçiligiň awtomatik ulgamyny gurandyklaryny aýdýarlar. “Kohler” kompaniýasy aşhana we hammam üçin niýetlenen “akylly” çyralaryň giden düzümini döretdi.
Närseleriň interneti – ol içinde mikroshema ornaşdyrylan tehnika bolup, enjamlary bir ulgama birikdirýän tehnologiýadyr. Şeýlelikde, bir ulgama birikdirilen enjamlar bir-biri bilen özara ylalaşykly ýagdaýda hereket edip bilýärler. “A.T. Kearney” konsalting şereketine salgylanyp, kompaniýanyň wekilleri närseleriň interneti tehnologiýasynyň 1,9 trillion dollar netije bilen önümçiligi artdyrmaga sebäp boljakdygyny we 2020-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetinde 177 milliard dollar möçberinde harajatlary azaltmaga ýardam berjekdigini aýdýarlar. Amerikan kompaniýasy “Microsoft Cor” 1975-nji ýylda Bill Geýts we Pol Allen tarapyndan esaslandyrylýar. Onuň ştab kwartirasy Waşington ştatynyň Redmond şäherinde ýerleşýär. Bu kompaniýa programma üpjünçiligini işläp düzmäge ýöriteleşdirilip, esasan hem, “Windows” amaly ulgamynyň işläp düzüjisi bolup durýar.