1898-nji ýylda ilkinji awtoulagyny öndüren Lui Renonyň esaslandyran fransuz kompaniýasy “Renault” 120 ýaşady. Fransuz inženeri Reno, ilkinji nobatda, kiçi göwrümli ulaglary döreden bolsa, soňlugy bilen has giň ulaglary öndürip başlady. Ulagda goş-golamlaryňy goýmak üçin aýratyn ýer döretmek, has köp adama niýetlenen mikroawtobuslary çykarmak, ilki bilen, fransuz oýlap tapyjysynyň kellesine geldi.
Kompaniýa awtoulag senagatyna birnäçe täzelik girizdi. 1930-njy ýyllarda satuwa çykarylan “Primaquatre” modeli kompaniýanyň meşhurlygyny artdyrdy. 1965-nji ýylda işlenip taýýarlanan “16 Station Vagon” şol wagta çenli döredilen iň uly awtoulag hökmünde köpleriň söýgüsini gazandy. Kompaniýanyň kiçi telekeçilere niýetlenen ulaglary hem dünýä ýurtlarynda has köp satyldy. 1959-njy ýylda bu maksat bilen öndürilen “Estafette” modeli şol döwürler adatdakylardan tapawutlylykda, narynç, sary we gök reňkde çykaryldy. Iş hem maşgala awtoulagyny döretmegi maksat edinýän kompaniýa 1961-nji ýylda ýük ýüklemek aňsat bolan “Renault 4” modelini müşderilere ýetirdi. Şeýlelikde, dürli zerurlyklar üçin peýdalanyp bolýan ilkinji “heçbek” görnüşli ulag peýda boldy. Kiçi göwrümli bu ulagyň yzky oturgyçlary ýatyrylanda, uly giňişlik peýda boldy. 1960-njy ýyllarda çykaran “4CV” we “Dauphine” modelleri awtoulag ýaryşlarynda ýeňiji bolup, kompaniýanyň şöhratyny has-da artdyrdy. Şol döwürler ýokary tizligi bilen tapawutlanan “Gordini” beýleki “Renault”-lardan iki esse gymmat hem bolsa, 11 müň 600 sanysy satyldy. Jemgyýetdäki özgerişlikler bilen ýakyndan gyzyklanýan brend 1972-nji ýylda aýallar üçin iki gapyly “Renault 5”-i işläp düzdi. Ulagyň yzy çagalaryň howpsuzlygy üçin has oňaýly bolmagy bilen tapawutlanýardy. 1985-nji ýylda maşgala niýetlenip çykarylan “Espace”-iň orun sanyny 5-den 7-ä çykarmak örän aňsatdy. Ulaga bu babatda birnäçe ýyllap bäsdeş tapylmady. 1996-njy ýyldaky “Scenic” modeliniň oturgyçlaryny ýatyryp stola, krowata öwrüp bolýardy. Bu aýratynlyklary sebäpli model 1997-nji ýylda “Ýylyň awtoulagy” (Car of The Year) saýlandy. Häzirki wagtda hem adaty bolmadyk ulaglary öndürmegi bilen tapawutlanýan kompaniýa 2019-njy ýylda 4 sany elektroulagy elýeterli bahadan satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär.