Italiýanyň Genuýa şäheriniň golaýyndaky Noli diýen ýerde bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin suwasty ýyladyşhana guruldy. Seržio Gamberini atly inženeriň oýlap tapan bu usuly oňyn netije berdi. Bu täze ulgama “Garden of Nemo” (Nemonyň bagy) ady berlipdir. Bag suwuň sekiz metr aşagynda alty sany top görnüşli desgadan ybarat. Olaryň hersiniň içi howaly bolup, suwuň ýüzüne düşýän Gün şöhlesi hem-de LED lampalary arkaly ýagtylandyrylýar. Bu taslamanyň esasy maksady gurluşygy üçin o diýen köp harajat talap etmeýän, arzan bahaly ýyladyşhanalary gurup, azyk harytlarynyň bahasyny arzanlatmakdan ybarat. Geljekde şeýle ýyladyşhanalar köpeldilip, dünýäde gurak howa şertleri bolan ýurtlara miwe we gök önümleriň eksport edilmegi göz öňünde tutulýar.