1957-nji ýyl­da ka­li­for­ni­ýa­ly on ýaş­ly og­lan­jyk şol döw­rüň meş­hur pro­fes­sio­nal amerikan fut­boly oýuncysy Jim Braun­dan aw­tog­raf al­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir. Ýö­ne uzyn­dan hor­ja bu og­lan­jy­gyň mak­sa­dy­na ýet­me­gi üçin bel­li kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­me­gi ge­rek­di.
Og­lan­jyk süňk­le­ri­niň ka­da­ly ýag­daý­da ös­män­li­gi üçin po­lat plas­ti­na gö­ter­me­li bo­lup, bu onuň gow­şak aýak­la­ry­nyň dog­ry ös­me­gi­ne ýar­dam be­rip­dir. Onuň pe­tek al­ma­ga pu­ly bol­man­soň, ge­ýim çal­şy­ryl­ýan otag­da oý­nuň gu­ta­ra­ry­na hem-de Jim Brau­nyň fut­bol meý­dan­ça­syn­dan ge­le­ri­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyp­dyr.
Og­lan­jyk Braun­dan ho­şa­maý­lyk bi­len aw­tog­raf go­ýup ber­me­gi­ni so­rap­dyr. Ol öz go­lu­ny go­ýan­da oglanjyk şeý­le di­ýip­dir:
– Je­nap Braun! Si­ziň fo­to­su­ra­ty­ňyz meň ota­gym­da asyl­gy dur. Men se­niň meş­hur fut­bol­çy­dy­gy­ňy bil­ýä­rin. Men si­ziň muş­da­gy­ňyz.
Braun ýyl­gy­ryp, git­mä­ge hy­ýal­la­nyp­dyr, ýö­ne og­lan­jyk ony sak­lap şeý­le di­ýip­dir:
– Je­nap Braun! Men se­niň äh­li re­kord­la­ry­ňy tä­ze­le­mek is­le­ýä­rin!
Braun ge­ňir­ge­nip:
– Og­lan­jyk, seň adyň nä­me? – di­ýip­dir.
Ol:
– Oren­tal Jeýms. Dost­la­rym ma­ňa O. Jeý diý­ýär­ler – di­ýip jo­gap be­rip­dir.
Soň Oren­tal Jeýms Simp­son, Brau­nyň go­ýan üç re­kor­dy­ny tä­ze­läp­dir, ýö­ne köp san­ly şi­kes­ler se­bäp­li onuň sport kar­ýe­ra­sy ta­mam­la­nyp­dyr.
Mak­sat – yn­san üçin kuw­wat­ly he­re­ket­len­di­ri­ji güýç­dür. Öz öňü­ňiz­de mak­sat go­ýuň we oňa ýet­mä­ge ta­gal­la ediň!

Ter­ji­me eden
Ak­nur RE­JE­PO­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.