“The Daily Telegraph”-yň habar bermegine görä, Artur Konan Doýlyň dünýä belli aňtawçy Şerlok Holms barada ýazylan “Tans edýän adamyň başdan geçirenleri” atly belli hekaýasynyň golýazmasy Tehas ştatynyň Dallas şäherinde 18-nji aprele çenli dowam etjek “Heritage” auksionynda 0,5 million dollara satuwa çykarylar.
Bu detektiw hekaýa 1903-nji ýylda “Strand Magazine” žurnalynda neşir edilip, 10 ýyldan soň, ilkinji hekaýalar ýygyndysy neşir edilenden soň, uly seslenme tapýar. Bu “Şerlok Holmsuň gaýdyp gelmegi” tapgyrynda neşir edilen 13-nji detektiw eserdir. Golýazma awtor tarapyndan girizilen ähli bellikleri we düzedişleri, şeýle hem onuň öz eli bilen çeken tans edýän adamyň suratyny öz içine alýar. Bu pikiriň ýazyjyda Norfolkedäki “Hill House” myhmanhanasynda bolanda ýüze çykandygy we şonda ol öz zehinine hormat goýýanlaryň kitaplaryna gol çekende, kitabynyň arasyna goýlan çagalaryň şekili ünsüni çekendigi aýdylýar.
Artur Konan Doýl özüniň düzedişli we suratly golýazmasyny 1918-nji ýylda satyp, onuň serişdelerini “Gyzyl Haç” gaznasyna geçirýär. Golýazmanyň häzirki eýesi ony Tehasda kitap söwdagäri bolup işlän kakasyndan miras alýar.