Erkek kişiler hepdede 4 ýumurtga iýip, süýjükeseliniň ösüş howpuny peseldip, onuň öňüni alyp bilerler. Gündogar Finlandiýa uniwersitetiniň (University of Eastern Finland) alymlary özleriniň köp ýyllyk barlaglarynyň dowamynda şeýle netijä geldiler. Görlüp oturylsa, hepdede 4 ýumurtga iýýän erkek kişilerde ikinji görnüşli süýjükeseliň ýüze çykma howpy 37 göterim pese düşýän eken.
Ýumurtganyň 97-98 göterimi bedenimizde doly özleşýär. Bu önüm ýürek damarlarynyň diwarlaryny berkidýär. Şunuň bilen birlikde, lukmanlar ýumurtgadaky holesteriniň görnüşiniň zyýanynyň ýokdugyny, tersine onuň gandaky zyýanly holesterinleriň derejesini peseldýändigini aýdýarlar. Lukmanlar bedende holesteriniň derejesiniň artmagyna ýag ýygnamagyň, çilim çekmegiň we fiziki işjeňligiň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Ýumurtga bedeniň kesellere garşy durujylygyny güýçlendirýär, ýüregiň we damarlaryň işini gowulaşdyrýar, has köp energiýa berýär, zehiniňi durlaýar, ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyrýar, stresi aýyrýar, görşüňi gowulaşdyrýar, dişleriňi we süňkleriňi berkidýär.