“Akyl­ly” sa­gat­lar – bu uly müm­kin­çi­lik­li köp ugur­ly en­jam­dyr. Özü­niň dür­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len dur­mu­şy has-da gö­zel­leş­dir­ýän hä­zir­ki za­man enjamlary bol­maz­dan, adam­zat ýa­şaý­şy­ny göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. “Akyl­ly” sa­gat­lar di­ňe bir wag­ta se­ret­mek üçin däl, eý­sem, onuň kö­me­gi bi­len akyl­ly te­le­fo­ny hem do­lan­dy­ryp bol­ýar. Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal, şeý­le enjamlaryň mul­ti­me­di­ýa­ly­ly­gy şüb­he­li me­se­le­di, ýö­ne wagt bir ýer­de dur­ma­ýar we bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da ösüş gör­ne­tin öňe iler­le­di. In­di şeý­le sa­gat­la­ryň kö­me­gi bi­len sms ug­ra­dyp, jaň edip, jaň­la­ra jo­gap be­rip, aý­dym diň­läp, wi­deo gö­rüp, hat­da wi­deo oýun­la­ry hem oý­nap bol­ýar. Ge­çen ýyl “akyl­ly” sa­gat­la­ryň has köp muk­da­ry iş­le­nip dü­zül­di. Şeý­le enjamlar köp babatda iş­li adam­la­ryň dur­mu­şy­ny ep-es­li de­re­je­de ýe­ňil­leş­dir­ýär. Şu günki günde dün­ýä bel­li, meş­hur brend­ler ýokary hilli önüm öndürmek maksady bilen özara bäs­leş­ýär­ler.

Go­laý­da iň köp sa­tyl­ýan “akylly”
sa­gat­la­ryň reý­tin­gi dü­zül­di:
“App­le Watch 3” – meş­hur we köp sa­tyl­ýan sa­gat­la­ryň sa­na­wy­nyň ba­şy­ny çek­ýär. Bu en­ja­myň köp ugur­ly­ly­gy hem­mä­ni haý­ran gal­dyr­ýar.
“LG Watch Sty­le” – ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. Iş­läp dü­zü­ji­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu ki­çi­jik en­jam­ giň mümkinçiliklere eýe. Onuň gör­nü­şi­ne we gö­zel­li­gi­ne söz ýok. Ba­ta­re­ýa­sy on­çak­ly güýç­li bol­ma­sa-da, pe­sin­den 15 sa­ga­da ýet­ýär.
“Sam­sung Ge­ar S3” – sanawyň üç­lü­gi­ne girýär. Bu en­jam öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, do­lan­dyr­mak­da on­çak­ly kyn­çylygy ýok. Onuň güýç­li ba­ta­re­ýa­sy bol­sa, bu en­ja­myň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir.