Dürli görnüşli telefonlary öndürmegi bilen tapawutlanýan “Samsung” internete birigip bolmaýan smartfon işläp düzdi. Kompaniýa okuwçylara we internet bilen arasy bolmadyk beýleki müşderilere niýetlenen “Galaxy J2 Pro” modelini satuwa çykardy. Telefonda 3G, 4G LTE ýa-da Wi-Fi ýaly internete degişli hiç zat ýok. Jaň etmek hem-de sms ibermekden başga telefonda surata düşürmek, aýdym-saz diňlemek ýaly aýratynlyklar bar. Uly ekrany bolansoň, uly ýaşly adamlar üçin hem amatly hasaplanýar. 4 ýadroly mikroprosessory bolan enjamyň 1,5 GB RAM-y we 16 GB ýady bar. Ekranynyň ululygy 5 dýuým bolup, yzky kamerasy 8 megapiksel, öňki kamerasy 5 megapiksel. “Android” amaly ulgamynda işleýän telefonyň agramy 138 gram. Ilkinji nobatda, öz ata watany Günorta Koreýada satuwa çykaryljak telefonyň bahasy 168 dollar diýlip kesgitlendi. Häzirlikçe enjamyň dünýäniň beýleki bazarlarynda haçan müşderilere ýetiriljekdigi mälim edilmedi.