ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA söwda maksatly sesden çalt gidýän uçarlary öndürmegiň aladasyny edýär. Häzire çenli şeýle howa gämileriniň köpüsi tizlik rekordyny goýmak üçin çykarylypdy. Ýolagçy gatnawynda peýdalanyljak “X-Plane” atly bu uçar sessiz bolmagy bilen hem tapawutlanar. NASA uçar önümçiliginde öňdebaryjy “Lockheed Martin Aeronautics” kompaniýasy bilen 247,5 million dollarlyk şertnama baglaşyp, şeýle uçary 2021-nji ýylyň ahyryna çenli taýýar etmegi sargady. Adatça, uçaryň tizligi sesiňkiden geçen mahaly aşa gaty ses çykarýar. Täze öndüriljek uçarda bu ýagdaýyň öňi alnar. “X-Plane” atly uçaryň şekili 2016-njy ýylda bilelikde işlenip düzülen “QueSST” uçaryna meňzeş bolar. Howa gämisiniň uzynlygy 28,65 metre, ganatynyň giňligi 9 metre barabar bolup, uçuş agramy 14 müň 650 kilogramdyr. Bir hereketlendirijili uçaryň tizligi 1 müň 590 kilometre ýeter. Taslama 2019-2025-nji ýyllarda üç tapgyrda amala aşyrylar.