Howanyň maýlamagy bilen wagtymyzy daşarda has köp geçirmek isleýäris. Arassa howadan dem almak, gezelenç etmek biziň işde we okuwda üstünlik gazanmagymyz üçin örän wajyp. Daşardaky güýmenjeleriň biri hem welosiped sürmekdir. Gatnaw serişdesi bolmakdan başga-da, birnäçe maksatlar üçin ulanylýan ulagyň örän köp görnüşi bar. Elbetde, kiçi çagalara, ýetginjeklere, gyzlara niýetlenen welosipedler hem bar. Bilermenler welosiped sürmegiň sport bilen meşgullanmakdygyny aýdyp, onuň peýdasynyň uludygyna ünsi çekýärler. Bu ugurda häzire çenli ýüzlerçe ylmy-barlaglar geçirildi. Şeýle barlaglaryň birini golaýda kanadaly doktor Anna Mariýa Zaýdlik amala aşyrypdyr. Onuň bellemegine görä, ösüp barýan ýaş nesil has köp hereket etmäge zerurlyk duýýar. Welosiped sürmegiň ýüze çykýan meselelerden üstünlikli baş alyp çykmaga ýardam edýändigi, ýagny çaganyň ugurtapyjylygyny artdyrýandygy aýdylýar. Zaýdlik bu ýaşda ýüze çykan ownuk-uşak meseleleriň geljekde has uly tejribe gazanmaga ýardam etjekdigine ünsi çekýär. Onuň aýtmagyna görä, ýaşaýan obasynda ýa-da şäherçesinde welosipedli gezelenç edýän çagalar ýaşaýan ýeri barada has köp zat öwrenýärler. Şeýlelikde, ýaşlar nämeleriň howp döredip biljekdigini öwrenýärler. Wagtynyň köp bölegini öýde telewizoryň, kompýuteriň başynda geçirýän çagalar geljekde hem töwekgelçilikden gaça durýarlar.
Daniýada geçirilen barlag okuwa başlamazyň öňýany maşk edýän çagalaryň sapaga has höwesek bolýandygyny ýüze çykardy. Mekdebe golaý ýaşaýan okuwçylaryň ýöräp ýa-da welosipedli barýanlaryň ulag serişdeleri bilen gelýänlerden ökde çykandygy anyklandy.
Doktor Zaýdlik çagalaryň günde azyndan bir sagat maşk etmelidigini, ýöremegiň hem-de welosiped sürmegiň hem maşk etmäge degişlidigini aýdýar. Ol sport bilen meşgullanmagyň diňe bir beden taýdan däl, ruhy taýdan hem kämil bolmaga ýardam edýändigini belleýär. Welosiped çaganyň özüne ynamyny hem artdyrýar.