Du­baý Dün­ýä Ku­bo­gy: Il­kin­ji­si 1996-njy ýyl­da ge­çi­ri­len Du­baý Dün­ýä Ku­bo­gy at ça­py­şy­gy ýa­ry­şy pul baý­ra­gy ba­bat­da 2-nji ha­tar­da dur­ýar. 10 mil­li­on dol­lar pul baý­rak­ly ýa­ryş Du­baý­da­ky ýa­şyl ýo­da­ly “Mey­dan” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ýa­ry­şyň baý­rak gaz­na­sy­ny öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da 25 mil­li­on dol­la­ra go­laý­lat­mak mak­sat edinil­ýär. Her ýy­lyň mart aýy­nyň ahyr­ky ýek­şen­be­sin­de ge­çi­ril­ýän bu at ça­py­şy­gy­na soň­ky ýyl­lar­da Jen­ni­fer Lo­pez, Sia, Je­net Jek­son, Kaýl Mi­no­gi, Se­al ýa­ly aý­dym­çy­lar hem kon­sert ber­mä­ge ça­gy­ryl­ýar. 13–14 ça­pyk­su­wa­ryň gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da at­lar 2000 metr ara­ly­gy geç­ýär­ler.

“Prix de l’Arc de Triomp­he”: Gys­ga­ça ady “Ark” diý­lip bi­lin­ýän bu ýa­ryş Pa­riž­dä­ki “Longchamp” ip­pod­ro­myn­da ge­çi­ril­ýär. Her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň il­kin­ji ýek­şen­be­sin­de gu­ral­ýan bu at ça­py­şy­gyn­da at­lar 2400 metr ara­ly­gy geç­me­li. Yk­ly­myň iň öň­de­ba­ry­jy bäs­le­şi­gi diý­lip gör­ke­zil­ýän at ça­py­şy­gy 1920-nji ýyl­dan bä­ri gu­ral­ýar. 5 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de pul baý­ra­gy gow­şu­ryl­ýan ýa­ryş soň­ky 2 ýyl­da “Longchamp” ip­pod­ro­my­ny abat­la­ýyş iş­le­rin­den ge­çi­ril­ýän­di­gi se­bäp­li “Chan­til­ly” aý­la­wyn­da gu­ral­dy.

“Pe­ga­sus” Dün­ýä Ku­bo­gy: Dün­ýä­niň iň uly pul baý­rak­ly at ça­py­şy bo­lan bu ýa­ryş ge­çen ýyl­dan baş­lap, ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky “Gulfst­re­am Park” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýär. 1981-nji ýyl­da geçirilip baş­lanan bu at ça­py­şy­gy Nýu Jer­si­dä­ki “Mon­mouth Park Racet­rack” aý­la­wyn­da gu­ral­ýar­dy. Ýa­ryş ikin­ji ge­zek “Pe­ga­sus” şe­re­ke­ti­niň he­ma­ýat­kär­li­gin­de gu­ra­ldy, onuň pul baý­ra­gy-da 16 mil­li­on dol­la­ra deň­dir.
“Grand Na­tio­nal”: Ang­li­ýa­nyň Li­wer­pul şä­he­rin­de 1839-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu ta­ry­hy päs­gel­çi­lik­li at ça­py­şy­gy dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Bu ýa­ryş­da ça­pyk­su­war­lar 7 ki­lo­met­re (2 aý­law) go­laý ara­ly­kdaky bel­li-bel­li ýer­ler­de goý­lan 30 päs­gel­çi­lik­den ge­çip, pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup gel­me­li. Go­laý­da 179-njy­sy ta­mam­la­nan ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­zan­mak ýe­ňil däl. Bu çyl­şy­rym­ly ýa­ryş­da di­ňe “Red Rum” at­ly at 3 ge­zek ýe­ňiş ga­za­n­dy. Umu­my pul gaz­na­sy 1 mil­li­on funt ster­lin­ge deň bo­lan ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si­ne 561 müň funt ster­ling pul baý­ra­gy gow­şu­ryl­ýar.

Mel­burn Ku­bo­gy: Awst­ra­li­ýa­nyň iň ab­raý­ly ýa­ry­şy bo­lan Mel­burn Ku­bo­gy öz göz­ba­şy­ny 1861-nji ýyl­dan alyp gaýd­ýar. “Fle­ming­ton” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýän at ça­py­şy­gyn­da at­lar 3200 metr ara­ly­ga öza­ra bäs­leş­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de-de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan bu ýa­ry­şyň umu­my baý­rak gaz­na­sy 6 mil­li­on dol­la­ra deň­dir. Mel­burn Ku­bo­gyn­da “Ma­ky­be Diva” at­ly be­dew iň köp ýe­ňiş ga­za­nan at­dyr (2003, 2004, 2005).