“Hip­pod­ro­me de Longchamp”: Pa­ri­žde ýer­leş­ýän bu ip­pod­rom 57 gek­tar meý­da­ny tut­ýar. Se­na der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky bu ip­pod­rom­da il­kin­ji at ça­py­şy­gy 1857-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­lip­dir. Bir­nä­çe aý­law ýo­da­sy­ny özün­de jem­le­ýän ip­pod­rom 50 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de Ýew­ro­pa­nyň iň ab­raý­ly ýa­ry­şy ha­sap­la­nyl­ýan “Prix de l’Arc de Triomp­he” ku­bo­gy ge­çi­ril­ýär.

“Mey­dan Racecour­se”: BAE-niň iri şä­her­le­rin­den Du­baý­daky bu aý­law 2010-njy ýyl­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Özü­niň owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan aý­law­da bir­ba­da 60 müň jan­kö­ýer at ça­py­şyk­la­ryn­a to­ma­şa edip bil­ýär. Aý­la­wyň çäk­le­rin­de 5 ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na, at­çy­lyk spor­tu­na de­giş­li es­bap­la­ry özün­de jem­le­ýän mu­zeý, şeý­le hem dür­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ýan res­to­ran­lar bar.

“Aint­ree Racecour­se”: Dün­ýä bel­li bu aý­law Ang­li­ýa­nyň Li­wer­pul şä­he­ri­niň Eýnt­ri şä­her­çe­sin­de ýer­leş­ýär. 1829-njy ýyl­da açy­lan bu aý­law­da 1839-njy ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň ab­raý­ly ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Grand Na­tio­nal” päs­gel­çi­lik­li at ça­py­şygy ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär.

“Fle­ming­ton Racecour­se”: Awst­ra­li­ýa­nyň Mel­burn şä­he­rin­dä­ki “Fle­ming­ton” aý­la­wyn­da at­çy­lyk spor­ty ýa­ryş­la­ry­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni ge­çir­mek bol­ýar. 1840-njy ýyl­da gur­lan bu aý­law­da Mel­burn Ku­bo­gy, “Victo­ria Der­by” ýaly ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ulu­ly­gy bo­ýun­ça ta­pa­wut­lan­ýan aý­law 120 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen­dir.

“Gol­den Ga­te Fields”: ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky bu owa­dan aý­law 1941-nji ýyl­da gu­rul­dy. Bu aý­law­da ýy­lyň do­wa­myn­da “El Cami­no Re­al Der­by”, “All Ame­rican Sta­kes”, “Cali­for­nia Der­by”, “Cali­for­nia Oaks” ýa­ly ýur­duň iri ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär.