“Go­og­le” bren­di­ne eýe­çi­lik ed­ýän “Alp­ha­bet” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň aras­sa peý­da­sy 73,1 %, gir­de­ji­si 25,8 % ýo­kar­lan­dy. “Go­og­le”-yň ma­ha­bat­dan al­ýan gir­de­ji­si­niň 24,4 % ar­tan­dy­gy mä­lim edil­di. “Alp­ha­bet”-iň bi­rin­ji çär­ýek­dä­ki gir­de­ji­si 31,15 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bu gör­ke­zi­ji 24,75 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup­dyr. Ýylyň birinji çärýeginde kom­pa­ni­ýa­nyň aras­sa peý­da­sy 9,4 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. 2017-nji ýy­lyň ýan­war-mart aý­la­ryn­da bu gör­ke­zi­ji­niň 5,43 mil­liard dol­lar bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem fir­ma­nyň her paý­na­ma ba­şy­na alan peý­da­sy­nyň ge­çen ýyl 7,73 dol­lar bo­lan­dy­gy, bu ýyl bol­sa, 13,33 dol­la­ra çy­kan­dy­gy mä­lim edil­di.
“Go­og­le” ma­ha­bat­dan al­ýan gir­de­ji­si­niň ýyl­sa­ýyn art­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­ýär. Brend ma­ha­bat­la­ryn­dan 26,64 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bu gör­ke­zi­ji 21,41 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýyl­sa­ýyn gurp­lan­ma­gyn­da onuň paý­na­ma­la­ry­nyň gym­mat­la­ma­gy­nyň hem äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy bel­le­nil­di.