24-nji aprelde Pekinde öz işine başlan “Auto China 2018” sergisinde Germaniýanyň BMW brendiniň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji SUV ulagy köpçülige görkezildi. Onuň daşky şekili “BMW X3”-e meňzeýär. Nemes brendi soňky ýyllarda energiýanyň arassa görnüşleri bilen işleýän ulaglaryň önümçiligine has köp üns berýär. Kompaniýanyň “BMW i3” we “i3s” modelleri bolsa, bir gezekki zarýady bilen has uzak aralyga gitmegi we giňligi bilen tapawutlanýar.