Ir zamanlarda bir obada pukara goja ýaşapdyr. Onuň üýtgeşik ak bedewi bolanlygy üçin, hatda tüçjar baýlaram oňa görübilmezçilik edipdirler. Täjirler bu at üçin iň ýokary nyrh kesipdirler, ýöne garry hemişe: “Bu at ýöne bir atam däl-de, meniň üçin ol ynsan. Eýsem, adam ýaly syzýan dostuňy heý-de satyp bormy?” diýip, jogap berýän eken.
Bu goja ýoksul bolsa-da, atyny satmaga dözmändir. Günlerde bir gün ol bedewiniň atýatakda ýokdugyny bilip galypdyr. Onuň ähli goňşy-golamlary ýygnanyşyp:
– Sen adamyň bideregi ekeniň. Biz iru-giç şu atyň gürüm-jürüm ediljekdigini bilýärdik. Ony satan bolsaň, gowy bolardy. Bu betbagtçylygyň ulusy – diýipdirler.
Goja: – Beýle zatlary samahyllamaň. Diňe bedewiň atýatakda ýokdugyny ýatladaýyň, wessalam. Biziň bilýän zadymyz-a diňe şol, galanlary diňe çaklama. Biz munuň bagtmy betbagtçylykmy ýa-da haýyrmy-şermi nämedigini bilemzok ahyryn, çünki bu diňe bolan waka. Indi näme boljagynam bilýän ýok – diýipdir.
Jemende gojanyň üstünden gülüp, bu ýerden dargamak bilen bolupdyr. Olar garrynyň islendik meselä başgaça çemeleşýändigini, akylynyň “doly däldigini” ozalam bilýän ekenler. Emma on bäş gün geçenden soňra, gijäniň gylla ýarynda birden at janawar öz ýatagyna dolanyp gelipdir. Ol ogurlanmandyr-da, eýsem meýdana öz peýwagtyna çykyp giden eken. Görüp otursalar ol on iki sany ýabany aty hem yzyna tirkäp gelen eken.
Adamlar ýene-de topar tutup, gelipdirler:
– Ýaşuly, seniň aýdýanyň jany bar ýaly-la. Bu betbagtçylyk däl-de, eýsem, bagt eken – diýipdirler.
Ýaşuly şeýle diýen: – Siz hetdiňizi biliň. Siz maňa diňe atyň dolanyp gelenligini ýatladaýyň. Munuň bagtdygyny ýa däldigini bolsa, bilýän ýok ahyryn. Bu diňe waka. Eýsem, siz sözlemiň içindäki birje sözi okap, tutuş kitap barada pikiriňizi aýdyp bilmersiňiz ahyryn?!
Bu sapar adamlar sesini çykarmandyrlar, ýöne onuň bimamladygy dogrusynda öz ýanlaryndan pikir ýöredipdirler. Şeýlelikde, gojanyň atýatagynda ýene-de on iki sany ajap at peýda bolupdyr. Onuň ýabany atlara baş öwredip bilýän ýeke-täk ogly bar eken. Ol bir gün näsaglyk tapyp, ýanyny ýere berýär. Jemende goja garap şeýle diýen:
– Seň aýdýan zatlaryň ugrunda bar ýaly-la. Bu bir betbagtçylyk eken. Indi seniň ýeke-täk ogluň hem ýaranok, senem indi gojaldyň, ol ýeke-täk diregiňdi. Indi seniň ýagdaýyň ozalkyňdanam pese gaçsa gerek – diýipdirler.
Goja şeýle diýen:
– Siz öz oý-pikirleriňize we çaklamalaryňyza mübtela ynsanlar. Siz gaty aňrybaşyndan tutýarsyňyz. Siz diňe oglumyň saglygyny ýitirendigini ýatladyp goýaýyň. Durmuş wakalaryň esasynda guralan, olaryň baryny birbada görmek ynsana berilmändir.
Ýene-de birnäçe wagtdan keseki bir ýurt bilen dartgynly ýagdaý emele gelip, obanyň ähli ýaşlary oňa sürülýär. Diňe gojanyň ogly ýarawsyzlygy sebäpli galmaly bolýar. Olar garrynyň ýanyna gelip:
– Ýaşuly, seň aýdýanyň dogry eken, asyl görüp otursak, bu bagt eken. Seniň ogluň ýaranok, ýöne ol ýanyňda. Biziň ogullarymyzyň ykbaly bolsa näbelli – diýipdirler.
Garry ýene-de şeýle diýen:
– Siz ähli zady şol özüňizçe pikir edip ýörşüňiz. Näme boljagyny bolsa, bilýän ýok. Siz iň gowusy özüňiziňkiň alnyp gidilendigini, meniňkiňem galdyrylandygyny ýatladaýyň. Munuň bagtdygyny ýa-da betbagtçylykdygyny, haýyrdygyny ýa-da şerdigini diňe Hudaý bilýär. Özüňizçe ýüzleý pikir ýöretmäň, ýogsam dünýäniň syrlaryna düşünmersiňiz. Bolýan wakalara ýüzleý seretseňiz, gapyl bolarsyňyz, meselä akylly-başly, mantyga laýyk çemeleşmek bolsa, oňaýly netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Siz haçan-da, haýsydyr bir mesele barada pikiriňizi ýüzleý beýan edeniňizde, ruhy ösüşiňizi gowşadýarsyňyz. Hakykatda, durmuş syýahaty hiç haçan tükenmeýär. Bir ýol tamamlansa, beýlekisi başlanýar; bir gapy ýapylsa, beýlekisi açylýar. Siz bir belentlige çykýarsyňyz, ýöne ondan aňyrda ýene-de bir belentlik peýda bolýar.
Halk arasynda bu barada ýörgünli gürrüň bar: “Daglaryň üstünden daglar görünýär”. Durmuş bu soňsuz syýahatdyr.