At atlar maşgalasyna degişli bolup, onuň öýdeçi we ýabany görnüşleri bar. Atlar adama hyzmat edýän iň akylly we ukyply jandar hasaplanýar. Olar irki döwürlerden bäri adamlar tarapyndan gatnaw, ýük daşamak we sportuň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin ulanylýar. Tebigatda süri bolup ýaşaýan ýabany atlar hem bar. ABŞ-nyň günbatarynda mustang we Altaý daglarynyň eteklerinde, Mongoliýanyň düzlüklerinde “Prezewalskiniň atlary” ýaşaýar. Ýabany atlaryň tüýi gyşyna ösýär, ýazyna düşýär. Aslynda, mustanglar eldeki atlaryň tebigata goýberilmegi bilen tebigy şertlere uýgunlaşypdyrlar. Ýewropada, Aziýada, Amerikada we Awstraliýada tebigatda ozaldan özbaşdak ýaşap ýören dürli görnüşli atlara duş gelmek bolýar.
Atlar adatça, 20-30 ýyl ýaşaýar. Olar ululygyna, reňkine, ýaşaýan ýerlerine, fiziki aýratynlyklaryna görä dürli-dürli bolup, atlandyrylyşy hem başgaça bolýar. Ahalteke atlary arap we iňlis atlary bilen bir hatarda iň arassa tohum at hasaplanýar. Eger atyň boýy 1,5 metrden pes bolsa, oňa poni diýilýär. Atlar eýesine wepaly bolmagy bilen tapawutlanýar. Olara dürli hereketleri öwretmek hem örän aňsat. Batly sesden gorkmazlygy, beýiklige bökmegi ýa-da beýleki hereketleri aňsatlyk bilen öwredip bolýar. Örän duýgur bolan bu jandarlaryň görmek we eşitmek ukyby hem kämildir. Şol sebäpli olar duşmanyň gelýänini öňünden aňýarlar. Iş, ulag maly hökmünde peýdalanylýan ýylkylaryň aýaklary gysga, göwresi iri, çapuw hem-de müngi atlaryň aýaklary we göwresi inçeden owadan bolýar. Atlaryň arasynda güriplik duýgusy bolmaýar, emma biri-birine gözügidijilik edýärler. Bu ýagdaý at çapyşyklarynda we päsgelçilikden bökmek ýaly sport ýaryşlarynda gabat gelýär. Mysal üçin, ýaryşýan atlar bir-birinden öňe geçmek isleýärler.
At köplenç, aýak üstünde uklaýar. Kä halatda özüni ynamly ýerde duýsa, ýatyp hem uklaýar. Süri bolup ýaşaýan atlar uklanlarynda olaryň arasyndan biri sakçy durýar. Ýabany atlaryň sürüsindäki taýçanaklar kä halatda beýleki sürülere goşulyp gidýär.