Islandiýaly 15 ýaşly Brinjar Karl Birgisson Lego bölejiklerini ulanyp, 8 metrlik gämi ýasady. Ol meşhur “Titanik” gämisiniň kiçi nusgasyny gurmak üçin 65 müň bölejigi birleşdirmeli bolupdyr. Birgissonyň bu oýnawajy ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Pijen-Forj şäherindäki “Titanik” muzeýinde köpçülige hödürlendi. Bu oýnawaç legodan ýasalan iň uly “Titanik” gämisi hökmünde hasaba alyndy. Birgisson gämini gurmak üçin 120 guty ýelim ulanypdyr. Birleşdirilýän oýnawaçlary öndürýän LEGO kompaniýasy öz harytlaryny Birgissona arzan bahadan satypdyr. Bu oýnawaç mundan ozal Birgissonyň ata watany bilen bir hatarda Şwesiýada, Norwegiýada we Germaniýada hem köpçüligiň dykgatyna hödürlenipdi. Ýetginjek 11 ýaşyndan bäri lego bölejiklerinden dürli zatlaryň maketlerini ýasamak bilen meşgullanýar. Ol ilki ululardan kömek alandygyny, häzirki wagtda bolsa, özbaşdak işleýändigini aýdýar. Metbugat işgärlerine beren beýanatynda Birgisson: “Entek 5 ýaşymdakam birnäçe sagatlap lego oýunjaklaryma güýmenýändigim ýadymda” diýýär. Ol köplenç haýsydyr bir zadyň şekilini, kä halatda bolsa, öz hyýalyndaky zady bu oýnawaçlardan döredendigini belleýär. Ol ilki otlulary ýasamagy halaýan eken. Emma 10 ýaşyndaka garry atasy bilen balyk tutmaga gideninden soňra gämileri ýasamaga girişipdir. 11 ýaşyndaka uzynlygy 6,33 metr bolan gämini ýasaýar. Munuň üçin ol 11 aý meşgullanmaly bolupdyr.