“Motorola” kompaniýasynyň “Moto G4” hem-de “Moto G4 PLus” atly täze smartfony Hindistanyň paýtagtynda geçirilen dabarada köpçülige tanyşdyryldy. Olaryň 7,9 mm-lik metal daşlygy we 5,5 dýuýmlyk “Full HD” ekrany bar. “G4 Plus” smartfonyndan tapawutlylykda “Moto G4”-de barmak yzyny okaýan aýratynlyk ýok. “Moto G4”-iň RAM-y 2 GB, içki ýady 16GB. Yz tarapynda goşa LED çyraly 13 MP kamerasy bar. Öňündäki kamera bolsa, 5 MP durulygynda surat alyp bilýär. Oňa bary-ýogy 15 minutda 6 sagada ýeter ýaly zarýad berip bolýar. Iki Sim kartly enjamda 4G we 3G aýratynlyklary bar. Has ýokary aýratynlygy bolan “Moto G4 Plus”-yň kamerasy 16 megapiksel. Onuň 32 GB-ly nusgasynyň 3 GB RAM-y bar. Ilkinji nobatda Angliýada satuwa çykaryljak enjamlaryň bahasy 169 hem-de 199 funt sterling bolar.