Gü­neş­li di­ýa­ry­my­zyň her bir kün­je­gi özü­niň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gö­zel­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň deňiz ke­nar­la­ry, çöl­le­ri, dag etek­le­ri, der­ýa­dyr akar suw­la­ryň ýa­ka­la­ry we beý­le­ki se­bit­le­ri fau­na­sy we flo­ra­sy ba­bat­da üýt­ge­şik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Te­bi­ga­ty has hem gö­zel gör­ke ge­tir­ýän jan­dar­la­ryň bi­ri hem guş­lar­dyr. Ola­r ir sä­her bi­len, ja­ha­nyň ýag­ty­lan­dy­gy­ny özü­niň üýt­ge­şik owa­zy bi­len adam­la­ra buş­la­ýar. Ada­ma has ýa­kyn bo­lan, owa­dan guş­la­ryň bi­ri hem kep­de­ri­ler­dir. Ola­ryň dür­li reňk­li gör­nüş­le­ri bar. Bu­lar agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­da, kö­wek­ler­de, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň üçek­le­rin­de hö­würt­ge­le­ýär­ler. Ýer ýü­zün­de bu jan­da­ryň 250-den gow­rak gör­nü­şi bar. Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da we oňa ýa­na­şyk ada­lar­da ola­ryň has köp gör­nü­şi bar. Ýur­du­myz­da ola­ryň 4 gör­nü­şi duşýar. Ola­ryň iň köp ýaý­ran gör­nü­şi ada­ty öý kep­de­ri­si­dir. Kepderiler öý­ler­de be­zeg üçin hem sak­la­ny­lyp, dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de ola­ryň muş­dak­la­ry diý­seň köp­dür. Olar has owa­dan bol­ýar. Kepderiler ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri pa­ra­hat­çy­ly­gyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar.