Gün­de­lik dur­muş­da ula­nyş­dan ga­lan zat­la­rdan baş­ga zat­la­ry ýa­sap, peý­da­la­nyp bol­ýan­dy­gy­ny, me­ge­rem, bir­nä­çe ge­zek gö­ren­di­ris. My­sal üçin, plast­mas­sa çüý­şe­le­ri ke­sip, gül ýa-da baş­ga zat sa­lar ýa­ly owa­dan gül­dan ýa-da tä­ze al­nan ütü­giň gu­tu­sy­ny dür­li şe­kil­de ke­sip, haý­sy­dyr bir jan­da­ryň, gü­lüň ýa-da ha­la­ýan aw­tou­la­gy­ňy­zyň  şekilini ýa­sap bi­ler­si­ňiz. Ene süý­dün­den soň­ra iň peý­da­ly iýmit ha­sap­lan­ýan ýu­murt­ga­nyň ga­by­gy­ny hem dür­li mak­sat­lar bi­len paý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. On­dan hek ýa­sap bol­ýan­dy­gy­ny eşi­dip­mi­di­ňiz? Ýumurtganyň ga­byk­la­ryny un ýa­ly edip ow­rat­ma­ly. Oňa bir çaý çem­çe­si un we gyz­gyn suw go­şup ma­za­ly gar­ma­ly. Re­ňk­li hek ýa­sa­mak üçin iý­mit üçin ni­ýet­le­nen reňk­le­ri hem go­şup bi­ler­si­ňiz. Ga­ryn­dy­ny ga­lam gör­nü­şin­de aş­ha­na ka­gy­zy­na do­laň. Üç gün­läp gu­ra­da­ny­ňyz­dan soň­ra, öz eli­ňiz bi­len ýa­san hekiňiz taý­ýar bo­lar.