“Giň­dir dün­ýä – geň­dir dün­ýä” diý­le­ni. Ýe­me­niň 350 ki­lo­metr gü­nor­ta­syn­da­ky So­kot­ra ada­syn­da­ky äh­li ösüm­lik­ler we jan­dar­lar üýt­ge­şik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýer­de ho­wa ys­sy we ýel­li. Ada­nyň we Ýe­me­niň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan až­dar­ha aga­jy geň ösüm­lik­le­riň bi­ri­dir. Onuň uzyn şa­ha­la­ry has ýo­ka­ry ösüp, ho­wa­da­ky çyg­ly­ly­gy al­ýar. “Çöl gü­li” at­ly ösüm­li­giň açy­lan gül­le­ri gö­ren­le­ri özü­ne ben­di ed­ýär. Bu ýer­dä­ki süý­re­ni­ji­le­riň 90 gö­te­ri­mi en­de­mik, ýag­ny di­ňe bu ada­da ýa­şa­ýar. Zahr oa­zi­sin­de ys­sy­dan we duş­man­la­ryn­dan gaç­ýan ba­lyk­gu­lak­lar bolsa aga­ja dyr­maş­ýar. Be­ýik­li­gi 1 müň 500 met­re ýet­ýän Hijr dag­la­ry­nyň ba­şy he­mi­şe ümürli bol­ýar. Wul­kan he­re­ket­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de dö­rän dag­la­ryň be­ýik ge­riş­le­rin­dä­ki ümür Azi­ýa­nyň iň baý flo­ra­sy­ny suw bi­len üp­jün ed­ýär.
Şeý­le hem ada­da ak reňk­li çä­ge­lik­ler bar. So­kot­ra­nyň gü­nor­ta ke­na­ryn­da­ky gum de­pe­le­ri güýç­li ýel se­bäp­li he­mi­şe öz şe­ki­li­ni üýt­ge­dip dur­ýar. So­kot­ra­da we onuň tö­we­re­gin­dä­ki ada­jyk­lar­da guş­la­ryň 10 gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Ada­da dün­ýä­niň baş­ga ýe­rin­de seý­rek duş gel­ýän 300 tö­we­re­gi ösüm­lik bar.