Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 35-nji tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da “De­por­ti­wo­ny” 4–2 ýeň­me­gi ba­şa­ran “Bar­se­lo­na” 25-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Il­ki Kou­ti­nio we Mes­si­niň gol­la­ry bi­len 2–0 öňe saý­la­nan myh­man­la­ra Pe­res hem-de Ço­lak jo­gap ber­di. Oý­nuň 82–85-nji mi­nut­la­ryn­da Lio­nel Mes­si ýe­ne-de 2 pök­gi ge­çi­rip, to­pa­ry­na çem­pi­on­ly­gy ga­zan­dy­r­dy. Bu ýyl­ky 4-nji het-tri­gi­ni eden Mes­si çem­pio­nat­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 32-ä ýe­tir­di. Ol “La Li­ga­da” 7 möw­sümde 30-dan köp gol ge­çi­ren il­kin­ji oýun­çy di­ýen ady eýe­le­di. Şun­luk­da, “Bar­se­lo­na” to­pa­ry soň­ky 10 ýyl­da 7-nji,umu­my­lyk­da-da 25-nji ge­zek “La Li­ga­nyň” çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy.
Kla­rens See­dor­fyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “De­por­ti­wo” klu­by 4 ýyl­dan soň, “Ma­la­ga­dyr” “Las Pal­mas­dan” soň, “La Li­ga” bi­len hoş­la­şan 3-nji to­par bol­dy.
Şot­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Old Film” der­bi­sin­de eze­li bäs­de­şi “Reýn­jer­si” 5–0 (Eduard 14, 41, For­rest 45, Ro­jik 46, MakG­re­gor 53) ha­sa­byn­da ýe­ňen “Sel­tik” bas­syr 7-nji, umu­my­lyk­da-da 49-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Şot­lan­di­ýa­da iň köp çem­pi­on bo­lan to­par “Reýn­jers” bo­lup, olar 54 ge­zek bu hor­mat­ly ady eýe­le­di­ler.