Bagtyýarlyk döwründe ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlik, parahatçylyk, bagtly durmuş ýaly ýörelgeleri özünde jemleýär.
Ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň esasy maksady döwletimiziň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Esasy Kanunymyzda adamyň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilýändigi, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizdiginiň ykrar edilýändigi we halkara kadalaryna laýyklykda olary amala aşyrmagyň kepillendirilýändigi baradaky kadalar döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden gözbaş alýar. Adamy we onuň mertebesini hormatlamak baradaky düzgünler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna we halkara kadalaryna eýermek ýörelgeleriniň hukuk esaslaryny emele getirýär.
Konstitusiýa döwletiň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr. Ýokary hukuk güýjüne eýe bolan Esasy Kanunymyz döwlet gurluşynyň esasy ýörelgelerini, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň hukuk kepilliklerini, häkimiýet edaralarynyň şahsyýet hem-de jemgyýet bilen gatnaşyklarynyň esaslaryny kesgitleýär.
Konstitusiýanyň maddalary – hukuk esaslarynyň kepilnamasy. Onda adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi, jemgyýetde aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy, olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikler, her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugy, adamlaryň erkinligi we şahsy eldegrilmesizligi, bilim almaga, saglygyny goramaga, zähmet çekmäge hukuklary, medeni durmuşa gatnaşmaga, dynç almaga hukuklary umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň derejesinde kepillendirilýär.
Halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Esasy Kanunymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen bilelikde baýram edilmegi çuňňur mana eýedir.
Türkmeniň ýaşyl Tugy ýurdumyzyň döwlet nyşanlarynyň biri bolup, milletimiziň geçmişini, nusgalyk medeniýetini, berkarar döwletini, mukaddes däplerini, umyt-arzuwlaryny, bagtyýar geljegini, parahatçylyk söýüjiligini aňladýan baş alamatydyr. Türkmenistanyň ýaşyl Tugunyň 1992-nji ýyldan bäri özygtyýarly döwlet we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň baş binasynyň öňünde parlap durmagy biziň her birimiziň kalplarymyza guwanç, göwünlerimize goşa ganat bagyş edýär.
Milli Liderimiziň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekde döreden ähli şertleri netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da arşa galýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, mahlasy ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler türkmeniň ýaşyl Tugunyň buýsançly parlamagyny üpjün edýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň, amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň aýdyňlyk bilen dowam edýändigini, halkymyzyň ol işlere çuňňur buýsanç bilen garaýandygyny äleme buşlaýar. Hawa, şeýle belent buýsanç bilen parlaýan Döwlet Tugumyz milli gymmatlyklarymyzyň mizemezligini we milli jebisligimizi alamatlandyrýan buýsanjymyzdyr.
Başymyzyň täjine, gözlerimiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyz bu gün bagtyýar döwrümiziň ýaraşygy bolan köşgi-eýwanlaryň, belent-belent binalaryň, bagtyýarlygyň mesgeni bolan ýaşaýyş jaýlarynyň depesinde, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik, konsullyk we gaýry wekilhanalarynyň jaýlarynda, Türkmenistana degişli edaralarda, guramalarda, dürli merkezlerde parlap dur.
Şu ýerde bir zady aýratyn buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär.
Bilşimiz ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde milletiň sagdyn neslini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda, obalarynda, etraplarynda we şäherlerinde dürli ugurlar boýunça köp sanly sport desgalary guruldy we häzirki günlerde hem bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna, ýurdumyzyň halkara derejesindäki sport abraýynyň ýokarlanmagyna, türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegine ruhlandyrýar. Şeýle ýaryşlaryň ýeňişli buşlukçysy bolup ilki bilen ýaşyl Tugumyz al-asmana galýar.
Goý, bu işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan maksatnamalaýyn işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Emetylla HABIBULLAÝEW,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mugallymy.