Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça uly üstünliklere eýe bolunýar. Häzirki döwürde oba hojalyk ulgamy dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işlere badalga bermegi netijesinde bu pudagy ýokary girdejili ulgama öwürmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, onuň sazlaşykly ösmegine möhüm ähmiýet berilýär. Oba-senagat toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri goýulýar. Bu bolsa, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de umuman, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp eserinde: “Söwda-hünärmentçilik şäherleriniň, kerwensaraýlaryň ýakynynda giň ekinzarlyklar, dürli görnüşli daýhançylyk önümleriniň önümçiligi döräpdir” diýip bellemek bilen, ekerançylygyň, oba hojalygyň ata-baba asylly, arassa we halal kär bolandygyny nygtaýar. Dogrudanam, halkymyzyň baý daýhançylyk tejribesi bar. Pederlerimiz tebigy gözellikleri artdyrmak we datly miweleriň, gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirmek üçin köp zähmet çekipdirler. Daýhançylyk ylmy edil beýleki ylymlar ýaly türkmenleriň arasynda rowaç bolan, giňden öwrenilen we özleşdirilen ugurlaryň biri bolupdyr. Şonuň üçin hem bu ugurdan örän köp tejribe toplanypdyr. Ylmy maglumatlara görä, ak bugdaýyň ata Watany Türkmenistan hasaplanýar. Halkymyzyň daýhançylyk tejribesi nesilden-nesle geçip gelipdir. Henizem oba ýerlerinde daýhançylyk tejribesiniň ata-baba ýörelgesine pugta eýerýän ýaşulularymyz bar. Olardan köp zatlary öwrenip, iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga we ýerden bol hasyl öndürmäge ähli mümkinçilikler bar. Pederlerimiziň daýhançylyk tejribesinde gyzykly we ähmiýetli maglumatlaryň birnäçesi bar:
“Alma nahalyny oturtjak bolsaň, onuň töweregine deňiz soganyny ek, miwesine gurçuk degmez. Eger onuň aşagyna gyzyl gülleri ekseň, alma miwesi gyzyl öwser.
Üzümi ter saklamakda arpanyň ähmiýeti uludyr. Üzüm hoşasyny arpanyň üstünde goýsaň, ol durkuny üýtgetmeýär, her gün ter üzümleri edil şahasyndan ýolup iýýän ýaly bolarsyň.
Behini uzak wagtlap ter saklamak isleseň, ony agaç ýonuşgalarynyň ýa-da sypalyň üstünde goýuň!
Garpyz çigidini bala we süýde ezip, soňra ekseň, hasyly örän süýji bolar.
Injir ekjek bolsaň, ony ilki bir günläp, duzly suwa ýatyrmaly. Soňra oturtjak ýeriňe sygryň dersini döküp, şol ýere oturtmaly. Bu injiriň tagamy şeýle bir datly bolar.
Nar agajynyň töweregine reýhan ekseň, miwesi köpeler.
Reýhan ekmek isleseň, onuň çukuryna az-owlak çäge döküp, daş-töweregine arpa ek. Çünki arpa reýhanyň köküni berkidýär.
Gowy hilli sogan almak üçin tohumynyň gabygyny aýryp ek.
Tut agajynyň aşagyna deňiz soganyny ekseň, düýbi berkäp, ösüşi güýçlener”.
Şeýle maglumatlaryň her biri ata-babalarymyzda uly daýhançylyk tejribesiniň bolandygyny görkezýär. Hut şonuň üçin hem tebigy taýdan bereketli bolan türkmen topragy eli süýji daýhanlarymyzyň yhlasy bilen has-da behişdi mekana, näz-nygmatly diýara öwrülipdir.
Biz ata Watanymyzyň kuwwatly ösüşini üpjün etmekde, ilatymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda uly tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Şemsi Bapbiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.