Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçilige döwlet tarapyndan giň goldaw bermek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir.
Ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylyk, söwda we durmuş hyzmaty ulgamlarynda, halk senetçiliginde hem-de beýleki ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga uly ýardam edýär. Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň, telekeçileriniň önümleri bu gün diňe bir içerki sarp edijilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem barha giň orun alýar.
Golaýda Aşgabat şäheriniň Oguz han şaýolunyň ugrunda “Audi”, “Toyota”, “Volkswagen” kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi wekili “Garagum Ulag” hojalyk jemgyýetinde “Audi” ulaglarynyň täze sergi zaly açyldy. Täze döwrebap desganyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň uly tagalla edýändigini aýdyp, telekeçilik pudagyndaky döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler. Dabaranyň çäklerinde bu ýere ýygnanan myhmanlara dürli sowallar berlip, dogry jogabyny bilenlere sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda nemes brendiniň iň soňky ulaglarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Dünýäde ygtybarlylygy babatda köp ýyldan bäri ykrar edilen kompaniýanyň A5, A6, A7 we Q7 modelleriniň iň soňky görnüşleri görkezildi. Ýangyjy tygşytlamagy, daşky gurşaw üçin zyýansyz bolmagy, ygtybarlylygy, giň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň bolmagy bu brendi beýleki önüm öndürijilerden tapawutlandyrýar.
Geçen asyryň başyndan bäri awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa “Volkswagen” toparyna degişlidir. Dürli ýyllarda beýleki awtoulag, motosikl we welosiped öndüriji kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk eden kompaniýa geçen asyryň ikinji ýarymyndan soňra has kuwwatly ulaglary öndürip başlaýar. Brendiň kuwwatly hereketlendirijili ulaglary Halkara awtoulag ýaryşlarynda hem uly abraýdan peýdalanýar. Kompaniýanyň ulaglarynda onuň şygary bolan “Vorsprung durch Technik” (Tehnologiýa arkaly ösüş) ýörelgesiniň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda kompaniýa kiçi we orta göwrümli ulaglar bilen bir hatarda superkarlary, kupeleri, ýaryş awtoulaglaryny, kabrioletleri, maşgala we sport ulaglaryny hem-de dürli görnüşli kaşaň ulaglary öndürýär.