“Nissan” Ýewropada dizel hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyny bes eder. Ýapon öndürijisi köp ýurtlarda daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe meseleleriň ýüze çykmagy netijesinde, şeýle karara geldi. Has dogrusy, soňky ýyllarda şeýle awtoulaglara bolan isleg mese-mälim pese düşdi.
Kompaniýa mundan beýläk Ýewropa bazary üçin niýetlenen täze modellere dizel hereketlendirijilerini oturtmagy bes eder. Onuň meýilnamasynda elektroulaglary öndürmek göz öňünde tutulyp, 2022-nji ýyla çenli olaryň satuwyny her ýylda bir milliona ýetirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle karar eýýäm, Beýik Britaniýanyň Sanderlend şäherindäki “Nissan” awtoulag kärhanasynda ýüzlerçe iş ýerini howp astynda goýdy. Çünki bu kärhanalarda 7 müň töweregi işgär her ýylda şeýle görnüşli awtoulaglaryň 500 müňüsini ýygnaýar. Soňky ýyllarda Beýik Britaniýada dizelli awtoulaglaryň satuwy 35 göterim azaldy.