We­lo­si­ped sür­mek, top ýa-da sa­tyn alan oý­na­waç­la­ry­ňyzy oý­na­mak bel­li wagt­dan soň­ra ýü­re­gi­ňi­zi gys­dy­ryp bi­ler. Siz öz eli­ňiz bi­len ýa­san oý­na­wa­jy­ňy­zy oý­nap gör­dü­ňiz­mi?! Öz dö­re­den za­dyň he­mi­şe gö­zü­ňe ys­sy gö­rün­ýär. Ge­liň, on­da ka­gyz­dan pyr­la­waç ýa­sa­ma­gy öw­re­ne­liň!
Il­ki bi­len, äh­li ta­ra­py deň bo­lan ka­gyz ala­lyň. Eger deň däl bol­sa, ony gaý­çy­nyň hem-de çyz­gy­jyň kö­me­gi bi­len deň­läp bi­ler­si­ňiz. Bu ýö­ri­te reňk­li ka­gyz, ýa­zy­lan ýa-da ge­rek­me­jek ada­ty ka­gyz hem bo­lup bi­ler. Ka­gy­zy su­rat­da­ky ýa­ly ata­nak­la­ýyn çy­zyp, onuň or­ta­syn­da we dört bur­çun­da ber­ki­dil­jek ýer­le­ri bel­läň. Çy­zyk bi­len gör­ke­zi­len ýer­le­ri ke­siň! Soň­ra dört bur­çun­da bel­le­nen no­kat­la­ry or­ta­ky no­ka­dyň üs­tü­ne ge­ti­rip ýelimläň. Emele gelen periň ortasyndan bir ta­ra­py hal­ka­ly iň­ňe ýa-da çüý­ja­gaz ötü­riň. Pyr­la­wa­jy çy­by­ja­ga ber­ki­dip bi­ler­si­ňiz. Ony yl­ga­ny­ňyz­da ýa-da we­lo­si­pe­di­ňi­ze da­kyp sü­re­ni­ňiz­de, şemalyň täsirine pyrlanyp baş­lar. Mu­ny kör­pe­je ça­ga­lar has go­wy gö­rer.