Dünýäde adaty bolmadyk tebigy gözellikleriň arasynda Kanadanyň Britan Kolumbiýasy ştatyndaky “tegmilli” köl öňdäki orunlary eýeleýär. Similkamin jülgesiniň gündogarynda Osuýus şäheriniň golaýyndaky bu köle ýerli halk “Stained Lake” (tegmilli köl) diýýär. Kliluk diýlip hem atlandyrylýan ýata suwly köl şor we minerallara baý bolmagy bilen tapawutlanýar. Onuň suwunda kümüş, kalsiý, titan, natriý we beýleki birnäçe mineral bar. Tomsuna suwuň iň köp bugarýan wagty, onuň ýüzi bölek-bölek tegmilli ýaly bolup görünýär. Her tegmil başgaça reňkli bolýar. Halka görnüşli tegmilleriň şekili, ululygy, reňki yzygiderli üýtgeýär. Suwuň bugarmagy netijesinde azalyp, kölüň içinde peýda bolýan ýodalar ak, ýaşyl, sary we gök reňkli “menekleri” has ýakyndan görmäge mümkinçilik berýär. Bu täsin kölüň suwunyň saglyga peýdasy uludyr. Adamlar onuň şypaly suwundan irki döwürlerden bäri peýdalanýarlar. Bu täsin köli görmäge barýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.