Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilmegi meýilleşdirilen “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň dabarasy dag aşýar. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde, sport muşdaklarynda ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşa uly gyzyklanma bildirilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistanda sentýabr aýynda geçiriljek bu ralli ýaryşy Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly mahabatyna öwrüler.
Halkara ýaryşa gatnaşjak daşary ýurtly türgenler hem-de bu sportuň muşdaklary gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň meşhur taryhy ýadygärlikleri hem-de tebigatyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän syýahatçylyk mekanlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Halkara awtorallisiniň bir bölegi çägeler ummanyny emele getirýän Garagum sähralyklaryndan geçýändigi üçin “Amul – Hazar 2018” rallisi “Turkmen Desert Race 2018” ýaryşy hökmünde-de giňden tanyşdyrylýar.
Bu halkara awtorallisini geçirmek, oňa dünýä belli türgenleri çekmek üçin bu ugurda tejribeli bolan “Africa Eco Race” kompaniýasy bilen şertnama gol çekildi. Oňa laýyklykda, bu kompaniýanyň ýolbaşçysy, tanymal türgen Žan-Lui Şlesser “Amul – Hazar 2018” rallisiniň tanyşdyrylyş çärelerine girişdi. Onuň ilkinjileriniň biri golaýda, has takygy 16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirildi.
“Amul – Hazar 2018” ýa-da
“Turkmen Desert Race 2018”
ýaryşyna uly gyzyklanma
Ýurdumyzda geçiriljek halkara awtorallisiniň dabarasynyň dünýäni gurşap alandygyny bellemegimiz gerek. Internet dünýäsindäki köp sanly sport neşirlerinde halkara ýaryş baradaky makalalary görmek bolýar. Halkara awtorallisi barada käbir maglumatlara ser salmak gyzykly bolsa gerek.
2018-nji ýyldaky awtosport ýaryşlarynyň esasy dünýä wakalarynyň senenamasynda “Amul – Hazar 2018” rallisi hem öz ornuny aldy.
Halkara ýaryş 11-15-nji sentýabr aralygynda Amuldan (Türkmenabat) başlap, Hazaryň kenarynda tamamlanar.
5 tapgyrdan ybarat bolan ýaryş üçin 9-10-njy sentýabrda taýýarlyk işleri geçiriler.
1500 kilometre deň bolan marafona ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri we SSV kysymly kwadrosikller goýberiler.
Halkara rallisiniň Merkezi Aziýanyň iň uly hem-de yssy çölleriniň biri hasaplanýan Garagum çölüniň içinden geçmegi onuň esasy özeni bolup durýar. Aglaba şeýle ýaryşlaryň çöllerde geçirilýändigi üçin has köp gyzyklanma döredýär.
“Amul – Hazar 2018” rallisi “Dakar” derejeli awtoralli ýaryşlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny alar. Bu ýaryş eýýämden Halkara Awtomobil Federasiýasynyň ünsüni çekýär. Bu ýaryşy geljekde dünýäniň iri ýaryşlarynyň status tapgyryna girizmek mümkinçiligi bar.
2018-nji ýylyň 30-njy maýyndan başlap, halkara ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýän toparlar hasaba alnyp başlanar.
Türkmenistan halkara derejesindäki ýaryşlary guramaga mümkinçiligi bolan uly ýurtdur. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda “Ýüpek ýoly” halkara rallisi geçirildi. Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçen 4 müň 500 kilometre deň bolan ýaryşa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan türgenler gatnaşypdy.
Şeýle hem 1992-nji ýylda “Paris Moscow Beijing” – “The West-East raid” (“Pariž-Moskowa-Pekin”) 4 tapgyrly ralli ýaryşy Türkmenistanyň çäginden geçipdi. Şondan soňra 1997-nji ýylda “Master rallye” marafony hem Türkmenistanyň çöllerinden geçipdi.
2018-nji ýylda meşhur Garagum awtomobil marafonyna 85 ýyl dolýar. Bu marafon ilkinji gezek 1933-nji ýylyň 6-njy iýuly 30-njy sentýabry aralygynda geçirilipdi. 9 müň kilometrden gowrak bolan marafon Türkmenistanyň çäginden hem geçipdi. Ozalky SSSR-iň ilkinji marafony Moskwa şäherinden başlap, ýene-de şol şäherde tamamlanypdy. Türkmenistanyň çäginden häzirki Türkmenabat – Garagum çöli – Türkmenbaşy şäherleriniň üstünden geçipdi.
Döwlet ARŞIMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.