Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat iri jemgyýetçilik-syýasy, maliýe-dolandyryş, taryhy, medeni we syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz okgunly ösüşe eýe bolup, soňky ýyllarda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabat ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen şäheri hökmünde dünýädäki abraýy has-da belende galdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bina edilýän ajaýyp ymaratlary synlanyňda göwnüň göterilýär. Ak şäherimiz Aşgabat – toý-baýramlaryň mekany. Birnäçe ýyldan bäri 25-nji maý goşa baýram hökmünde bellenip geçilýär. Her ýyl 25-nji maýda ýurdumyzyň ähli ýerini “Soňky jaň” dabaralary gurşap alýar. Paýtagtymyz Aşgabatda hem bu baýramçylyk has uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi şol gün goşa baýramçylyk – Aşgabat şäheriniň güni hem-de “Soňky jaň” dabaralary şatlyk-şowhuna beslenýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurulýan ak mermere beslenen her bir bina we desga özüniň binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Aşgabat şäheri bu gün dünýä we halkara derejelerindäki maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabady ösdürmek boýunça ylmy-innowasion çemeleşmeler esasynda alnyp barylýan gurluşyk işleri tapgyrma-tapgyr dowam etdirilýär. Häzirki wagtda şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyry esasynda köp gatly ýaşaýyş jaýlar bilen bir hatarda durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna badalga berildi. Geçen ýyl paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyry esasynda gurlan ähli amatlyklary bolan kaşaň ýaşaýyş binalary bilen bir hatarda beýleki desgalaryň açylyşynyň şaýady bolduk. Halkymyzyň eşretli durmuşy üçin edilýän şu ägirt uly işler Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Ak mermerli Aşgabat sport bilen galkynýan şäher. Türkmenistanyň merjen paýtagty Aşgabat soňky ýyllarda yklymyň hem-de dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän şäherine öwrüldi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň at-owazasy dünýä doldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäheridigini ýene-de bir gezek subut etdi. Aşgabat Aziadasyna gatnaşmak üçin gelen müňlerçe türgenler, resmi wekiller we janköýerler paýtagtymyzyň owadanlygyna haýran galdylar. Sebäbi biziň berkarar döwletimiziň paýtagty milli Liderimiziň irginsiz aladalary bilen döwrebap myhmanhanalaryň, ajaýyp ak mermerli binalaryň, suw çüwdürimleriň hem-de ýadygärlikleriň mekanydyr. Paýtagtymyz Aşgabat şu ýylyň noýabr aýynda ýene-de iri sport ýaryşyny kabul eder. Ol hem agyr atletika boýunça dünýä çempionatydyr. Bu ýaryşa gatnaşmak üçin geljek türgendir janköýerler paýtagtymyzyň ajaýyplygyny synlamaga mümkinçilik alarlar.
Soňky ýyllarda türkmen we daşary ýurt metbugat sahypalaryny bezän “Aşgabat – rekordlaryň şäheri” diýen sözbaşyly makalalar toplumlary bizi diýseň buýsandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheri we onuň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar özüniň döwrebaplygy, özboluşly binagärlik çözgüdi we bezeg aýratynlyklary bilen halkara derejesinde ykrar edilýär. Geçen ýyl paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurlan Olimpiýa şäherçesindäki iki desga birbada Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşa-ny hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe boldy.
Mundan başga-da 2008-nji ýylyň iýun aýynda Baýdak sütüni, 2010-njy ýylyň awgust aýynda Oguz han suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyna girýän Oguz hanyň ýyldyzynyň iň uly binagärlik ýyldyzy hökmünde, 2012-nji ýylyň maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, 2013-nji ýylyň maý aýynda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň sentýabrynda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Aşgabadyň täze Halkara howa menzili “Iň uly göl” adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamalarydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratyny belende göteren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Mährijemal Çaryýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.