Milli gymmatlyklarymyzyň biri-de gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasy bilen döredýän ajaýyp halylarydyr. Halkymyz her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramyny dabara bilen belläp geçýär.
Türkmen sungatynyň gaýtalanmajak nepis nusgasy hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilen türkmen halylary uzak asyrlaryň dowamynda öz tebigy durkuny saklap gelipdir. Her çitimine, öýdümine ene-mamalarymyzyň ata Watana bolan söýgüsi, jandan eziz gören ýurduna, ojagyna bolan yhlasy siňen bu inçe sungat asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milliligini alamatlandyrýan esasy nusgalaryň biri bolmak bilen, türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlygyny dünýä ýüzüne ýaýypdyr.
Türkmen halylary ýüň, ýüpek, kendir, zygyr ulanmak bilen nagyşly ýa-da nagyşsyz görnüşinde dokalypdyr. Nagyşly halynyň esasy gurluşy onuň orta, gyra nagyşlarynda jemlenipdir. Amaly-haşam sungat eseri hökmünde halynyň çeperçilik aýratynlygy onuň çitimleriniň, reňkiniň köpdürli öwüşginliligi, solmazaklygy, ulanylýan ýüňüň, ýüpegiň berkligi, nagyşlarynyň owadanlygy, stilistiki taýdan bitewiligi, gyýa hem orta nagyşlarynyň özara sazlaşygy bilen häsiýetlendirilipdir.
Türkmen haly önümleriniň görnüşleri, olaryň kompozision gurluşy örän baýdyr. Düýphaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, eňsi, ýolam, aýnabukjasy ýaly görnüşleri türkmen ak öýleriniň içini özüne mahsus bolan gönüburçly, dörtburç, zolak, tegelek, süýri, ýarym tegelek görnüşinde bezäpdir. Haly nagyşlarynda, esasan, ösümlik, haýwanat dünýäsi, durmuşda göze görnüp duran şekiller suratlandyrylypdyr. Çeper elli gelin-gyzlarymyz haly portretlerini dokamagyň-da ussady bolupdyrlar.
Eziz Arkadagymyzyň “Bu beýik sungatda halkymyzyň dünýägaraýşy, ylym-paýhasy, pelsepesi, ruhy dünýäsi jemlenendir” diýşi ýaly, eli hünärli ene-mamalarymyz haly dokamaklyga döredijilikli çemeleşipdirler. Olar ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan asmandan, ýerden, otdan, bulutlardan, ýagyş-ýagmyrdan, dürli ösümliklerden dürli nagyşlary düzüpdirler.
Dokmaçylykda “teke göli”, “japarbaý göli”, “gabsa göli”, “dyrnak göli”, “pendi göli”, “beşer göli” ýaly nagyşlar giňden ulanylypdyr. Bu esasan halynyň dokalýan ýeri bilen baglanyşykly bolupdyr. Ýene bir bellemeli tarapy, halk öz oturymly durmuşyna mahsus alamatlary hala geçiripdir. Meselem, çöl ýerinde ýaşaýanlar çöle mahsus alamatlary – dürli gülleri, aňňat-aňňat gum depeleriniň görnüşlerini hala çitse, deňiz ýakasynda ýaşaýan halyçylar deňiz gomlaryny, balykçylaryň gurallaryny, labyry, gäminiň keşbini suratlandyrypdyrlar. Dag ýeriniň halyçylary-da edil şolar ýaly, olaryň dokmasynda dag tebigaty öz beýanyny tapypdyr.
Haly önümleriniň dürli görnüşleri türkmen ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Mysal üçin, haly torba, haly çuwallar, çitme çuwallar, garçyn çuwallar, artmaklar giňden ulanylypdyr. Halylaryň ýene bir görnüşi halyk diýlip atlandyrylypdyr. Halyk düýäniň arkasynyň ýagyr bolmazlygy üçin howudyň aşagyna düşelipdir. Onuň ortasynda düýäniň örküji sygar ýaly möçberde deşik goýlupdyr.
Ýaşaýyş durmuşynyň özgermegi netijesinde halyçylyk häzirki döwürde uly ösüş ýoluna düşdi. Milli gymmatlyklarymyzyň howandary Arkadag Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde türkmen halyçylary üçin dünýä ülňülerine kybap gelýän täze halyçylyk kärhanalary işe girizildi. Türkmen haly sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan halyçylara hormatly atlaryň dakylmagy, Türkmen halysynyň gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda dünýä halyşynaslarynyň maslahatynyň geçirilmegi ýaly işler ýurdumyzda halyçylyk sungatyna aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz halkyna haly sungatyndan söhbet açýan “Janly rowaýat“, “Arşyň nepisligi” kitaplaryny peşgeş berdi. Bu gymmatly kitaplar halkymyza ylymda, okuwda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dokalan nepis halylaryň gymmaty hakynda ýörite söhbet açyp, dünýä jahankeşdeleriniň türkmen halylaryna beren ýokary bahasy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Goý, halkymyzyň milli gymmatlygynyň naýbaşy nusgasy bolan haly sungatynyň pajarlap ösmegi üçin dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun, çeper elli gelin-gyzlarymyz!
Selbinyýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.