2018-nji ýylyň birinji çärýeginde Beýik Britaniýanyň ýel beketlerinden alnan elektrik energiýasynyň mukdary ýurtda hereket edýän 8 sany ýadro bekedinden alnan energiýadan has köp bolupdyr. Hünärmenler tebigata zyýansyzdygy bilen tapawutlanýan çeşmäniň indi beýleki çeşmelerden arzan düşüp başlandygyny belleýärler. Degişli döwürde ýel turbinalaryndan alnan energiýa umumy önümçiligiň 18,8 göterimini emele getiripdir. Şeýle hem ýel energiýasy ýurtda önümçilik babatda tebigy gazdan soňra ikinji orunda durýar. 17-nji martda bolsa, ýel turbinalary ýurtda sarp edilýän energiýanyň ýaryna golaýyny öndüripdir. Sowuk gyş günlerinde bolsa, ýurtdaky ýadro beketleriniň üçüsi tehniki ideg üçin belli bir wagt togtadylypdyr. Onuň öwezi ýel turbinalary arkaly doldurylypdyr. Ýurtda geçen ýylyň ilkinji üç aýynda Gün we ýel energiýasy bilelikde alnanda, ýadro beketlerinden has köp energiýa öndürilen eken. Bu ýyl diňe ýel turbinalary arkaly bu ösüş gazanylypdyr. “Drax Electric Insights” kompaniýasynyň wekili Rob Gross geljekde ýel energiýasynyň ulanylyşyny çäklendirmäge degişli hiç hili alamatyň ýokdugyny belleýär. Dekabr aýynda Şotlandiýanyň günortasyndan Uelsiň demirgazygyna çenli çekilen geçiriji arkaly Şotlandiýadaky turbinalarda öndürilen energiýa Uelse iberilipdir. Ondan öň adatça demirgazykdaky käbir ýel beketleri sarp edilýän energiýadan has köp öndürýändigi sebäpli wagtlaýyn ýapylmaly bolýan eken.